Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan 7 tussagy boşatdy


Pakistanyň hökümeti, goňşy Owganystandaky parahatçylyk prosesine itergi bermek niýeti bilen, owgan «Talybanynyň» ýedi sany uly derejeli agzasyny azatlyga goýberýändigini yglan etdi.

Daşary işler ministrliginiň şenbe güni ýaýradan beýanatynda şeýle diýilýär: "Owgan ýaraşyk prosesini ilertletmek üçin, Pakistan ýedi talyban tussagyny, ýagny Mansur Dadulla, Saýid Wali, Abdul Manan, Karim Aga, Şer Afzal, Gul Muhammad we Muhammad Zai dagyny azat edýär.»

Geçen ýyl Pakistan 25 töweregi talyban tussagyny azat edipdi.

Bu tussaglar owgan prezidenti Hamid Karzaýyň Pakistana parahatçylyk prosesi barada maslahatlaşmak üçin eden saparyna iki hepde hem bolmanka azat edildi.

Karzaý owgan konflikti barada syýasy çözgüt gazanmak üçin «Talyban» bilen dil tapyşmaga synanýar.
XS
SM
MD
LG