Sepleriň elýeterliligi

Rodman Kim Joň Un bilen duşuşdy


Amerikanyň basketbol ýyldyzy Dennis Rodman ikinji gezek Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Joň Un bilen duşuşdy.

Ol şenbe güni Phenýandan Pekine uçup gelende žurnalistlere "Kim meniň ömürlik dostum, siziň ol barada näme pikir edýäniňiz bilen gyzyklanamok" diýdi.

Şeýle-de ol Demirgazyk Koreýada 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen koreýaly amerikan Kennet Baýe bilen gyzyklanmak meniň işim däl diýdi.

Rodman biraz öň Demirgazyk Koreýany Baýeni azat etmäge çagyrjagyny ýaňzydypdy.

Koreýanyň döwlet eýeçiligindäki Merkezi habar gullugy Rodman bilen Kimiň “ýürekdeş gepleşik" geçirendigini we Kimiň meşhur basketbolçyny «islän wagty» Demirgazyk Koreýa gelmäge çagyrandygyny habar berdi.

Rodman bu ýurda ilkinji gezek fewralda sapar edip, basketbol janköeri Kim bilen duşuşypdy.
XS
SM
MD
LG