Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

11 ýurt sanksiýadan boşady


Birleşen Ştatlar Eýrandan nebit import etmesini kesen 11 ýurduň indi sanksiýalardan boşadylýandygyny aýtdy.

Döwlet departamenti Ýewropa Bileleşigi 2012-nji ýylyň iýulyndan bäri Eýrandan nebit satyn almady, şu kemeliş sebäpli 10 ýurt alty aýlyk ýeňillik gazandy we olar indi eýran nebitini satyn alyp başlap biler diýdi.

Ol ýurtlar Belgiýa, Çehiýa, Fransiýa, Germaniýa, Gresiýa, Italiýa, Niderlandiýa, Polşa, Ispaniýa we Britaniýa. Ýaponiýa hem sanksiýadan azat edildi, sebäbi bu ýurt hem Eýrandani alýan nebitini mazaly azaldypdy.

Amerikan sanksiýalary, Tährany ýadro programmasyny togtatmaga mejbur etmek üçin, Eýranyň ykdysadyýetine zyýan ýetirmegi maksat edinýärdi.

Waşington bu ýurdy ýadro ýaragyny edinjek bolmakda aýyplaýar, Tähran muny ret edýär.
XS
SM
MD
LG