Sepleriň elýeterliligi

Ors oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny Moskwanyň häkimi bolmak üçin jemleýji ýygnanyşygyny geçirdi.

Nawalnynyň kampaniýa topary anna güni agşam, Moskwanyň merkezi Saharow prospektinde rok aýdymçylarynyň konserti bilen başlanan ýygnanyşyga 15 müň çemesi adamyň toplanandygyny aýtdy.

Nawalny ýygnananlara saýlaw kampaniýasynyň adalatsyz bolandygyny aýtdy, şeýle-de häkimiýetleri saýlawlary galplaşdyrmagy planlaşdyrmakda aýyplady.

Ol häkimiýetler saýlawy galplaşdyrsalar, özüniň parhsyz seredip durmajagyny hem sözüne goşdy.

Kremle daýanýan häkim Sergeý Sobýanin hem anna güni Moskwada ýygnanyşyk geçirdi.

Sobýaniniň ýekşenbe güni geçiriljek saýlawda, ses berişligiň birinji tapgyrynda gaýtadan saýlanmagyna garaşylýar.

Nawalny bolsa, sesleriň 18 prosent çemesini alyp, ikinji bolar öýdülýär.
XS
SM
MD
LG