Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liderler salgyt tölemeli diýýär


Dünýäniň 20 uly ykdysadyýetiniň liderleri salgytdan gaçmagyň öňüni almak barada ylalaşyga geldiler.

Bu pikir anna güni Uly 20-ligiň Sankt Peterburgda tamamlanan iki günlük sammitiniň kabul eden jarnamasynda öz beýanyny tapdy.

Liderler halkara korporasiýalarynyň ykdysady işjeňlik netijesinde girdeji alýan, gymmatlyk döredýän ýerlerinde salgyt tölemeklerini kepillendirmek üçin işlenip düzülen plana gol çekdiler.

Şeýle-de, 20-ligiň liderleri dünýäniň ykdysady dikelişiniň örän gowşakdygyny, mundan beýläk hem peseliş töwekgelliginiň saklanyp galýandygyny aýtdylar.

Olar özleri üçin ileri tutulýan ugruň ykdysady özüşi üpjün etmek we iş ýerlerini döretmek bolmalydygy barada hem ylalaşyga geldiler.
XS
SM
MD
LG