Sepleriň elýeterliligi

Olmpiýa oýunlarynyň ýeri seçilýär


Halkara Olimpiýa komiteti, Buenos Aýresde, şenbe güni 2020-nji ýylyň oýunlarynyň geçjek ýerini kesgitlemeli.

Dünýäniň iň uly sport wakasynyň geçiriljek ýeri bolmak ugrunda üç şäher, Tokio, Stambul we Madrid bäsleşýär.

Habarlarda Halkara Olimpiýa komitetiniň agzalarynyň kyn seçgi etmeli boljagy, sebäbi bu şäherleriň hemmesiniň problemasynyň ýetikdigi aýdylýar.

Madrid henizem ykdysady çökgünligiň astyndan çykmak ugrunda göreşýär, Stambul bolsa, goňşy Siriýadaky ýagdaý, mümkin bolan harby zarbalar, içki gozgalaňlar bilen ýüzbe-ýüz dur.

Tokio bulara garanda gowy ýer, emma bu şäherde Fukuşimo ýadro elektrik satansiýasyndan radioaktiw suwuň syzmagy bilen bagly aladalar bar.

Bu üç ýurduň üçüsiniň hem premýer-ministri öz ýurdunyň bähbidini goramak üçin Buenos Aýrese bardy.
XS
SM
MD
LG