Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň lideri Astana geldi


Hytaýyň prezidenti Si Jinpiň Gazagystana bardy, bu onuň Merkezi Aziýanyň dört ýurduna edýän saparynyň ikinji duralgasydyr.

Si Astana anna güni, Sankt Peterburgdan geldi. Ol Gazagystan bilen Hytaýy möhüm goňşular we köptaraply strategiki partnerlar diýip atlandyrdy.

Ol bu iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň olaryň halklaryny anyk peýda getirendigini hem sözüne goşdy.

Si şenbe güni gazak prezidenti N.Nazarbaýew bilen duşuşýar, gazak lideri bu saparyň dowamynda 20 çemesi ikitaraplaýyn dokumente gol çekiljegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG