Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB: ‘Deliller Siriýa hökümetini görkezýär’


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton ÝB-niň 28 döwleti elýeterli maglumatlaryň geçen aýdaky himiki ýarag hüjümine Siriýanyň hökümetiniň günäkärdigine güýçli delil bolup görünýändigi bilen ylalaşdy diýdi.

"Giň we dürli çeşmelerden alnan maglumatlar şeýle hüjümiň bolandygyny tassyklaýar we bu hüjüme Siriýanyň režiminiň jogapkärdigine güýçli delil bolup görünýär. Sebäbi himiki ýarag serişdeleri we olary şeýle möçberde ýetirmek mümkinçiligi diňe režimde bar."

Aşton ÝB-niň şeýle jenaýat bilen ýüzbe-ýüz bolup, gyrada gol gowşuryp durup bilmejegini aýtdy.

"Beýle jenaýatlaryň kabul ederlik däldigi we bu meselede jogapkärçilikden gutulup bolmajagy belli bolar ýaly, açyk we berk gaýtawul berilmegi zerur."

Aşton ÝB-niň daşary işler ministrleri şenbe güni Wilnýusda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bilen duşuşandan soň çykyp gürledi.

Harby çäre babatdaky bölünişik

ÝB Birleşen Ştatlaryň prezident Başar al-Assady 21-nji awgustda edilen hüjüm sebäpli jezalandyrmak üçin harby herekete geçmek planlary babatda iki bölege bölündi. Waşington bu hüjümde 1400-den gowrak adam öldürildi diýýär.

ÝB-niň birnäçe döwleti Waşingtony BMG-niň inspektorlary geçen aý bolandygy güman edilýän himiki hüjüm barada hasabat berýänçä harby çäreden saklanmaga çagyrdy.

Germaniýa özüniň hiç bir harby çärä goşulmajagyny aýtdy. Britan parlamenti Britaniýanyň harby zarba urmaga gatnaşmagyna garşy ses berdi.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland başda harby çäräni goldady, ýöne anna güni özüniň harby interwensiýa barada karara gelmek üçin BMG-niň hasabatyna garaşjakdygyny aýtdy.

"Indiki hüjümleriň öňüni almaly"

Aşton ÝB BMG-niň inspektorlary deslapky hasabaty mümkin boldugyça çalt çap eýedr diýen umytda diýdi.

Şeýle-de ol BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini şeýle himiki hüjümleriň indi bolmazlygy üçin tagallalary birikdirmäge çagyrdy.

Prezident Barak Obama şenbe güni Siriýa babatda hereket etmezlik Birleşen Ştatlar üçin boljak zat däl diýdi.

Obama özüniň hepdelik radio we internet ýüzlenmesinde Birleşen Ştatlar Siriýa göz ýumup bilenok diýdi.

Şeýle-de ol özüniň gymmat düşjek, uzaga çekjek urşa girmek islemeýändigini aýtdy.

"Biz aňyrsy görünmeýän interwensiýa barada gürrüň edemzok. Bu ýene bir Yrak ýa Owganystan bolmaz. Ol ýere amerikan aýagy basmaz. Biziň etjek islendik hereketimiz wagty hem gerimi boýunça çäklendirilen bolar."

Obama Kongresiň Siriýa babatda harby çäre görülmegine ygtýar bermegini sorady.

Kongres agzalary duşenbe güni ýygnanýar we Obama sişenbe güni Siriýa harby zarbalaryň urulmak mümkinçiligi barada halka ýüzlenme bilen çykyş eder.
XS
SM
MD
LG