Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Fransiýa: 'Harby çärä goldaw artýar'


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry (S) ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton bilen maslahatlaşýar. Wilniýus, 7-nji sentýabr, 2013.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry (S) ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton bilen maslahatlaşýar. Wilniýus, 7-nji sentýabr, 2013.
Birleşen Ştatlar we Fransiýa Siriýa hökümetine diýilýän himiki ýarag hüjümi üçin harby zarbalaryň urulmagyna berilýän halkara goldawynyň barha ýokarlanýandygyny aýdýarlar.

Döwlet sekretary Jon Kerri Parižde çykyp gürläp, harby herekete goşuljak ýurtlaryň sanynyň artandygyny aýtdy.

Fransiýa şu wagta çenli özüniň Waşingtonyň harby operasiýasyna goşulyp biljegini açyk aýdan ýeke-täk ýurtdy.

Açyk we berk gaýtawul

Biraz öň Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Siriýanyň hökümetini 21-nji awgustda edildi diýilýän himiki hüjümde günäläp, "açyk we berk gaýtawul" berilmegine çagyrdy.

Emma bu beýanatda harby çäre görülmegi açyk-aýdyň goldanylmaýar. Şeýle-de onda BMG-niň ýarag inspektorlary öz derňewleriniň netijelerini habar berýänçä hiç gaýtawulyň berilmeli däldigi aýdylýar.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland BMG-niň hasabatynyň indiki hepdäniň içinde taýýar bolmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Waşington Damaskyň etegine zarin gazy bilen edilen hüjümde 1400-den gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.

Siriýanyň hökümeti bu hüjümi özüniň amala aşyrandygyny ret etdi we bu işde pitneçi güýçleri günäledi, ýagny olaryň muny üçünji ýyla giren konflikte Günbataryň harby interwensiýasyny çekmek üçin edendigini aýtdy.

100 ýyl bäri gadagan ýaraglar

Kerri öz çykyşynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady nasist diktatory Adolf Hitlere we Yragyň diktatory Saddam Huseýine deňedi. Bu diktatorlaryň ikisem himiki ýaraglaryň ulanylmagynda günäkär bolupdy.

"Bular dünýäniň tas 100 ýyl bäri ulanylmagyny gadagan eden himiki ýaraglary. Olary uruş mahalynda, (Siriýanyň prezidenti) Başar al-Assada çenli, diňe Adolf Hitler bilen Saddam Huseýin ulandy."
Siriýa, diýilýän himiki hüjümiň pidalary. Ekrandan alnan surat
Siriýa, diýilýän himiki hüjümiň pidalary. Ekrandan alnan surat

Şeýle-de Kerri, eger Siriýanyň hökümetine garşy çäre görülmese, terorçylaryň himiki ýaraglary ele geçirip, ahyrynda olary Günbatara garşy hem ulanmaklarynyň ahmaldygyny duýdurdy.

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius Kerri bilen bile çykyş edip, Siriýanyň hökümetine garşy hereket edilmegini goldaýanlaryň barha köpelýändigini aýtdy.

Fabius Sekizler topary ýurtlarynyň Orsýetden başgasynyň, 20-ler toparynyň 12 agzasy bilen, Siriýanyň hökümetine berk gaýtawul berilmegini goldaýandygyny aýtdy.

Waşingtondaky ikirjiňlenmeler

Kerriniň Ýewropa sapary Birleşen Ştatlaryň Kongresinde Siriýa harby zarba urmak çäresiniň ara alnyp maslahatlaşyljak hepdesiniň öňüsyrasyna gabat geldi.

Prezident Barak Obama kanun çykaryjylaryň güýç ulanylmagyna ygtyýar berýän rezolýusiýany tassyklamaklaryny sorady we ses berişligiň şu hepde bolmagyna garaşylýar.

Emma Waşingtonda bu rezolýusiýanyň kabul edilmegi üçin ýeterlik goldaw alyp biljegi belli däl.

Bu zarba baradaky şübhelerini beýan eden kanun çykaryjylar Birleşen Ştatlaryň uzak wagtlyk konflikte çekilmeginden, şeýle-de bu operasiýanyň oppozisiýanyň tarapynda söweşýän yslamçy ekstremistleri güýçlendirmeginden alada bildirdiler.

Şenbe güni çykan habarlarda Birleşen Ştatlaryň resmileriniň kanun çykaryjylara diýilýän himiki hüjümiň pidalarynyň, şol sanda çagalaryň elhenç wideoýazgysyny görkezendikleri aýdylýar.

CNN ol wideolaryň käbirini efire berdi, emma olaryň asyl nusgadygyny tassyklap bilmejegini aýtdy. Bu wideolar başda pitneçileriň tarapdarlary tarapyndan internetde goýlupdy.

Obama sişenbe güni zarba urmak çäresine basyş etmek üçin birnäçe interwýu bermeli, telewizion çykyş etmeli.
XS
SM
MD
LG