Sepleriň elýeterliligi

Pitneçiler hristian obasyny eýeledi


Yslamçylaryň ýolbaşçylygyndaky pitneçiler Damaskyň demirgazygynda, taryhy hristian şäherçesi Maalulany öz kontrollugyna aldy.

Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy obanyň ýaşaýjylarynyň sözlerine salgylanyp, ýekşenbe güni hökümet güýçleriniň bu ýerden yza çekilendigini, pitneçileriň bolsa bu taryhy obany kontrol astyna alandygyny aýdýar.

Emma muňa garamazdan, hökümete tarapdar söweşijeleriň obanyň içinde gizlenip oturandyklary hem habar berilýär.
XS
SM
MD
LG