Sepleriň elýeterliligi

Owganlar NATO bilen ylalaşmaýar


Owgan resmileri we NATO Owganystanyň Kunar welaýatyna urlan howa zarbasy netijesinde bolan zatlar babatda ylalaşyp bilmeýärler.

Owgan resmileri NATO-nyň şenbe güni agşam talyban jeňçilerini nyşanalap uran howa zarbasynda azyndan 8 sany asuda adamyň öldürilendigini, olaryň arasynda aýallaryň we 4 çaganyň, ýük maşynynyň sürüjisiniň hem bardygyny aýdýarlar.

Kunar welaýatynyň polisiýa başlygy Abdul Habib Saýid Hil ýük maşynynyň sürüji talyban söweşijilerini maşyna mürdürenden soň urlandygyny aýdýar.

Emma NATO-nyň sözçüsi bu zarbada 10 sany «duşman güýjüniň» urlandygyny, asuda adamlaryň pida bolandygy barada maglumat almandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG