Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Hyratdaky protesti ýazgarýar


Eýran özüniň Hyratdaky konsullygynyň öňünde geçirilen protesti ýazgaryp çykyş etdi.

Şenbe güni geçirilen protestde bir adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Eýranyň resmi IRNA habar gullugy Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Marziýe Afkhama salgylanyp, polisiýanyň we howpsuzlyk güýçleriniň bikanun ýygnanyşygyň, missiýanyň bimaza edilmeginiň we işgärleriň işine päsgel berilmeginiň öňüni almakda öz wagtynda we çalasyn hereket etmelidigini aýtdy.

Owgan polisiýasy şenbe güni Eýranyň Hyratdaky konsullygynyň öňüne ýüzlerçe adamyň ýygnanyp, wiza gijikmelerine protest bildirendiklerini we soňy bilen bu protestçileriň konsullyga zabt etmäge synanandygyny aýdýar.

Polisiýa olary saklajak boldy, emma olar polisiýany daşlamak bilen hüjüm etdiler.

Protestçiler konsullygyň işgärlerini para aljak bolup, wizalary bilkastdan gijikdirmekde aýypladylar.

Bu protest owgan howpsuzlyk güýçleriniň demonstrantlary dargatmagy bilen soňlandy.
XS
SM
MD
LG