Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2020-nji ýyl üçin Tokio seçildi


Halkara Olimpiýa komiteti 2020-nji ýylyň Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilmeli ýeri edip Tokiony seçdi.

Şenbe güni Buenos Aýresde bolan ses berişlikde Tokio Stambuldan 60 ses alyp üstün çykdy, Stambul 36 ses aldy.

Stambul Madridden üstün çykyp, soňky bäsleşige hukuk gazanypdy.

Fukuşimo ýadro elektrik stansiýasyndaky radaioaktiw syzmalar aladasyna garamazdan, Tokio seçilip alyndy.

Bu ýapon paýtagtynyň Olimpiýa oýunlary üçin ikinji gezek seçilişidir. Tokio ozal Olimpiýa oýunlaryna 1964-nji ýylda beýemçilik edipdi.
XS
SM
MD
LG