Sepleriň elýeterliligi

Göreş gaýtadan girizildi


Göreş tutmak sportuň bir görnüşi hökmünde Olimpiýa oýunlaryna gaýtadan girizildi.
Ýekşenbe güni Argentinanyň Buenos Aýres şäherinde Halkara Olimpiýa komiteti 2020-2024-nji ýyllardaky oýunlara göreşi gaýtadan girizmäge ses berdi.

Halkara Olimpiýa komitetine döwrebap tomaşaçylar üçin göreşiň gyzykly däldigi barada şikaýatlar gelip gowuşandan soň, ol fewral aýynda Olimpiýa oýunlarynyň düzüminden çykarylypdy.

Göreşiň Olimpiýa oýunlarynda gaýtadan dikeldilmeginiň bir bölegi hökmünde, onuň ýaryşlarda bäsleşmeginiň täze formatlary we bahalandyrmagynyň täze sistemalary girizildi.

Göreşde ady belli Eýran, Orsýet we ABŞ ýaly ýurtlar hem bu sportuň Olimpiýa oýunlarynda gaýtadan dikeldilmegi üçin tagalla edipdiler.

Halkara Olimpiýa komitetiniň käbir agzalary hem, "Gresiýadaky gadymy olimpiadalaryň bir bölegi bolan göreş sportuny ýaryşdan çykarmaklyk ýalňyşdy" diýýärler.

Şeýle-de, ýekşenbe güni geçirilen ýygnakda Halkara Olimpiýa komiteti olimpiadalara beýzbol we woleýbol oýunlaryny gaýtadan girizmegi ret etdi. Bu oýunlar 2005-nji ýylda Olimpiýa oýunlaryndan çykarylypdy.
XS
SM
MD
LG