Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Assadyň hüjümleri edendigine “esas bar”


Prezident Barak Obamanyň ýokary derejeli kömekçisi Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetiniň Damaskda himiki hüjümleri ulandy diýmäge “esasyň bardygyny” aýdýar.

Ýöne ştabyň başlygy Denis MakDonough, Siriýanyň režiminiň himiki ýaraglary ulanandygy barada ABŞ-da “jedelsiz delilleriň” ýokdygyny aýdýar.

Denis MakDonoughyň amerikanyň telewideniýesinde eden bu çykyşy, Obamanyň administrasiýasynyň Siriýa garşy “çäkli” harby operasiýalary gurnamak baradaky teklibiň kanunylaşdyrmagy üçin kanunçykaryjylara basyş etmeginiň yzýany bolup geçdi.

ABŞ-nyň Wekiller öýi we Senaty duşenbe güni resmi taýdan bu teklibi gözden geçirerler. Emma onuň kanuna laýyk edilmegi üçin ýeterlikli goldawyň bolup-bolmandygy henize çenli nämälim.

Assad ABŞ-nyň telewideniýesine beren täze interwýusynda, ýene-de hüjümlere söweşiji güýçleriň jogapkärdigini nygtaýar.

Waşington 21-nji awgustda bolan şol hüjümlerde 1400-den gowrak adamyň ölendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG