Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Faizi gürlemegi ret etdi


Owganystanyň prezidentiniň metbugat wekili Aimal Faizi James Dobbinsiň “Owganystanda raýat urşy bar” diýen sözleri barada gürlemegi ret etdi. James Dobbins Birleşen Ştatlaryň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekilidir.

Faizi “Raýat urşy ABŞ-nyň Owganystana harby taýdan goşulyşmagyny talap etmez” diýdi. Ol “Mundan ozal hem Owganystandaky urşy terrorizm bilen däl-de, söweşijiler bilen uruş diýip suratlandyrmaga çalyşan ýurtlar bardy” diýdi.

Faizi Owganystanyň terrorizmiň pidasy bolandygyny aýdyp, "Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň Owganystana goşulyşmagy ýurtda terrorizme garşy göreşmek üçin Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmileşdirilendir" diýdi.

Penşenbe güni Dobbins “Amerikanyň sesi” radiosyna beren interwýusynda “Elbetde, Owganystanda raýat urşy bar” diýipdi.
XS
SM
MD
LG