Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowa, Serbiýa ylalaşyklara gol goýdular


Serbiýanyň we Kosowanyň premýer-ministrleri telekomunikasiýa we energiýa meseleleri barada ylalaşyklara gol goýdular.

Ylalaşyklar ýekşenbe güni giçlik Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Ketrin Eştonyň, Kosowanyň premýer-ministri Hasim Taçiniň we Serbiýanyň premýer-ministri Iwisa Daçiçiň arasynda tassyklanyldy.

Ylalaşyga görä, Kosowa üç belgili halkara koduna ýüzlener we onuň hem "+383" bolmagyna garaşylýar.

Serbiýa bolsa, Kosowada serb mobil operatorlarynyň işlemäge dowam etmegi üçin hukuk gazandy.

Serbiýa bilen Kosowanyň arasyndaky takyk telefon liniýalardan edilen jaňlaryň bahasy, öňküsi ýaly ýerli nyrhda tölener.

Şeýle-de, taraplar Kosowanyň demirgazygyndaky “Walaç” energiýa stansiýasyndaky işgärleriň etnik Alban ýolbaşçylary bilen iş kontraktyna gol goýmaklaryna zerurlygyň ýokdygy barada hem ylalaşdylar.
XS
SM
MD
LG