Sepleriň elýeterliligi

Iwanişwili: ÝB-niň AY-na gol goýlar


Gürjüstanyň premýer-ministri Bidzina Iwanişwili öz ýurdunyň Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyna 2014-nji ýylyň ýaz paslynda gol goýmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Iwanişwili bu barada ýekşenbe güni Tallinde Estoniýanyň daşary işler ministri Urmas Paet bilen geçiren duşuşygyndan soň belläp geçdi.

Iwanişwiliniň Estoniýa edýän iki günlük saparynyň gün tertibinde, onuň prezident Toomas Hendrik Ilwes, parlamentiň sözçüsi Ene Ergma, premýer-ministr Andrus Ansip we ykdysadyýet hem-de kommunikasiýa işleri boýunça ministr Ýuhan Parts bilen duşuşmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG