Sepleriň elýeterliligi

Şekersoltan: "Okuwa girmedikler kösenýär"


Mellekde işleýän türkmen ýetginjegi

Mellekde işleýän türkmen ýetginjegi

Resmi maglumatlara görä, şu ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna jemi 6 müň 100 talyp kabul edildi we olar şu aýyň başyndan okuwlaryna başladylar. Emma muňa garamazdan, şu ýyl orta mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň sany 100 müňe golaý bolup, ortaça hasap bilen aýdanyňda olaryň aglaba bölegi ýokary okuw jaýyna ýerleşip bilmediler.

Eýsem, ýokary okuw jaýyna ýerleşip bilmedik ýaşlar, nämeler bilen meşgullanýarlar? Ýurtda işlemek isleýän ýaşlara iş mümkinçilikleri barmy?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen gyzyklanyp, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň “Ýeňiş” daýhan bileleşiginden özüni Şekersoltan diýip tanyşdyran 58 ýaşly pensioner zenan bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG