Sepleriň elýeterliligi

Lawrow Siriýa boýunça duýdurýar


Sergeý Lawrow özüniň siriýaly kärdeşi Walid al-Muallem (çepde) bilen. Moskwa. 9-njy sentýabr, 2013 ý.

Sergeý Lawrow özüniň siriýaly kärdeşi Walid al-Muallem (çepde) bilen. Moskwa. 9-njy sentýabr, 2013 ý.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow öz çykyşynda ABŞ tarapyndan Siriýa garşy edilen islendik harby hüjümiň terrorizmiň möwjemegine getirjekdigini aýtdy.

Lawrow bu duýduryş bilen duşenbe güni, Moskwa sapar edýän Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Muallem bilen geçiren gepleşiklerinden soň, çykyş etdi. Lawrow: “Barha köp syýasy we döwlet resmileri biziň Siriýa ediljek harby hüjümiň netijesinde terrorizmiň ýaýbaňlanjakdygy baradaky garaýşymyz bilen ylalaşýarlar. Bu ýagdaý hem Siriýa, hem onuň töweregindäki döwletlere degişli. Munuň netijesinde köp sanly bosgunlar peýda bolar. Aslynda ABŞ-nyň harby hüjümi amala aşyrmaga meýillidigi baradaky beýanatyndan soň, ýagdaýlar şeýle hem özgerip başlady” diýdi.

Lawrow Ýakyn Gündogarda “heläkçilikli” diýip häsiýetlendiren wakalaryny howply çäkden yza gaýtarmak üçin Russiýanyň degişli çäreleri görýändigini hem belledi. Ol meseläniň syýasy ýol bilen çözülmegine ýykgyn edýän ähli taraplaryň Moskwa çagyrylyp bilinjekdigini-de sözüniň üstüne goşdy.

Muallem Damaskyň “ýurtda parahatçylygyň oranaşmagyny isleýän ähli syýasy taraplar bilen dialoga taýýardygyny” aýtdy.

Minnetdarlyk

Mundan öň, Muallem Wladimir Putine prezident Başar al-Assadyň “şahsy minnetdarlygyny” ýetiripdi. Bu Putiniň “G20” sammitiniň dowamynda we ondan soňky” görkezen goldawyna berlen jogapdy.

”G20-lik” sammitiniň dowamynda Putin, eger-de ABŞ Siriýa hüjüm etse, Moskwanyň Damaska hemaýat etjekdigini söz beripdi. Kreml geçen aý Damaskyň eteginde amala aşyrylan himiki hüjümiň arkasynda Assadyň režiminiň durandygynyň ynanarlykly däldigini aýdýar. ABŞ we onuň ýaranlary zäherli gazy siriýa hökümetiniň öz halkynyň garşysyna ulanandygyny öňe sürýärler.

Obamanyň administrasiýasy Siriýa garşy çäklendirilen harby hüjümi amala aşyrmak üçin, ABŞ-nyň kanunçykaryjylarynyň razylygyny almak ugrunda basyşyny dowam edýär.

"Jeza bermek"

Kerri özüniň britaniýaly kärdeşi William Heýg bilen duşuşanda, Siriýa konfliktini harby ýol bilen çözüp bolmajakdygyny, emma himiki ýaragy ulanandygy üçin Siriýanyň režiminiň jezalandyrylmalydygyny aýtdy.

Kerri: “Men açyk aýdaýyn, ABŞ, prezident [Barak] Obama, men we beýlekiler Siriýadaky konfliktiň syýasy ýol bilen çözülmelidigi bilen doly ylalaşýarys. Bu ýerde harby çözgüt ýok, biz muňa doly göz ýetirýäris” diýdi.

Kerri “hereket etmezligiň töwekgelligi, hereket edeniňkä garanyňda has uly” diýip belledi. Şeýle-de Kerri eger Assad geljek hepdäniň içinde ýurtdaky ähli himiki ýaraglary halkara jemgyýetçiligine tabşyrsa, Siriýa zarbanyň bolmazlygynyň mümkindigini hem nygtady. Kerri bu ädimi Assadyň etmejege meňzeýändigini-de aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Heýg Siriýa meselesi boýunça, harby çärä goşulmasa-da, Britaniýanyň ABŞ-y doly goldaýandygyny aýtdy. Mundan ozal britan parlamenti ses berlişigiň netijesinde harby çärä goşulyşmazlyk kararyna gelipdi.
XS
SM
MD
LG