Sepleriň elýeterliligi

Sobýaniniň ýeňendigi yglan edildi


Moskwanyň meri Sergeý Sobýanin, Moskwa, 2013-nji ýylyň 8-nji sentýabry.

Moskwanyň meri Sergeý Sobýanin, Moskwa, 2013-nji ýylyň 8-nji sentýabry.

Orsýetiň paýtagtynyň ýaşaýjylary ýekşenbe güni Moskwanyň täze häkimini saýladylar. Resmi maglumatlarda şäheriň häkimi Sergeý Sobýaniniň bu wezipä gaýtadan saýlanandygy, oppozisiýanyň dalaşgäri Alekseý Nawalnynyň yza galandygy yglan edildi. Nawalnyý häkimiýetleri saýlawlary galplaşdyrmakda aýyplady.

Kreml tarapyndan goldanylýan Sergeý Sobýanin Moskwanyň meri wezipesine geçirilen saýlawlarda ýeňiji diýilip yglan edildi.

Duşenbe güni irden Moskwanyň saýlaw komissiýasy ähli sesleriň sanalmagynyň netijesinde Sobýaniniň saýlawlaryň birinji tapgyrynda sesleriň 51.37%-ini toplap, ýeňiş gazanandygyny yglan etdi. Oppozision lider Alekseý Nawalnynyň 27.24% ses toplap ikinji ýeri eýeländigi aýdyldy.

Nawalnynyň garaýşy

Nawalnyý häkimiýetleri saýlawlaryň netijelerini galplaşdyrmakda aýyplap, hakyky sanlaryň tizden-tiz çap edilmegini talap etdi.

Nawalnynyň duşenbe güni öz blogunda ýazmagyna görä, ol saýlawlaryň netijelerini ret edýär we sesleriň gaýtadan sanalmagyny isleýär. Şeýle-de Nawalnyý “moskwalylaryň bähbitleri üçin” Sergeý Sobýanin bilen gepleşiklere girişmäge taýýardygyny mälim etdi.

Nawalnyý öz tarapdarlaryny duşenbe günüň dowamynda protest aksiýasyna çykmaga çagyrdy.

Duşenbe güni Moskwanyň Saýlaw komissiýasy saýlawlarda bidüzgünçiliklere ýol berlendigi barada resmi şikaýatlaryň gowuşmandygyny aýtdy.

Sergeý Sobýanin geçen şenbe güni agşam Moskwada müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen köpçülikleýin çykyşlara üýşen öz tarapdarlaryna ýüzlenip, ýekşenbe günki ses berişligiň Moskwanyň taryhynda iň adalatly saýlawlar boljakdygyny aýdypdy.

Merkezi saýlaw komissiýasy ses berişlikde ilatyň gatnaşyk derejesiniň 32 prosent bolandygyny aýtdy.

Orsýetiň häkimiýet başyndaky “Bütewi Rossiýa” partiýasynyň baş agzalarynyň biri bolan Sergeý Sobýanin 2011-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Moskwa ýolbaşçylyk etdi.

Saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşan Alekseý Nawalnyý iýul aýynda korrupsiýa bilen bagly aýyplamalaryň esasynda sud edildi. Ol bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi, emma suduň kararyna gaýtadan garamak boýunça beren arzasyna seredilýänça, girew esasynda boşadyldypdy.

Käbir analitikleriň pikirine görä, Nawalna ses berijiler tarapyndan uly goldawyň bildirilmegi häkimiýetleriň ony suda çekmek işini has-da kynlaşdyrmagy ähtimal, sebäbi onuň suda çekilmeginiň syýasy sebäpler bilen baglydygy baradaky pikirler ilat arasynda ýörgünli.

Regional saýlawlar

Ýekşenbe güni tutuş ýurt boýunça geçirilen saýlawlarda Orsýetiň sekiz sany regionynyň gubernatorlary, 16 sany ýerli kanun çykaryjy organlaryň agzalary, sekiz sany şäher häkimi we bäş şäheriň geňeşiniň agzalary saýlandy.

Bu saýlawlaryň köpüsinde häkimiýet başyndaky “Bütewi Rossiýa” partiýasynyň agzalary öňe çykdylar.

Muňa garamazdan, Orsýetiň ululygy boýunça dördünji ýerde duran Ýekaterinburg şäheriniň ýerli saýlaw resmileri oppozision kandidat Ýewgeniý Roýzmanyň sesleriň 30%-ini toplap, ýeňiş gazanandygyny yglan etdiler. Kreml tarapyndan goldanylýan dalaşgär Ýakow Siliniň 26.48 prosent ses toplandygy barada habar berilýär.
XS
SM
MD
LG