Sepleriň elýeterliligi

Prezidentiň futbol kubogy başlaýar


"Aşgabat" we "Daşoguz" futbol toparlary ýaryşýar.

"Aşgabat" we "Daşoguz" futbol toparlary ýaryşýar.

Ertir, 10-njy sentýabrda, paýtagt Aşgabatda Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda futbol boýunça halkara ýaryş başlanýar.

Bu ýaryşa Täjigistanyň, Özbegistanyň, Belarusyň, Russiýanyň, Eýranyň, Kuweýtiň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň komandalary gatnaşarlar.

Bu sekiz sany komanda iki topara bölünip, özara duşuşyklary geçirerler. Resmi metbugatda habar berlişine görä, bu ýaryşda birinji orny eýelän komanda 20 müň dollar baýragy berler. Ikinji we üçünji ýerleri eýelän komandalar degişlilikde 10 we 5 müň dollar bilen sylaglanarlar.

Köpçülige habar berilmedi

Ýaryşyň halkara diýlip yglan edilendigine garamazdan, onuň duşuşyklarynyň geçiriljek ýerleri, başlanjak wagtlary ýaly maglumatlar bilen halk köpçüligini tanyşdyrmak işiniň, edil mundan öňki şeýle çärelerde bolşy ýaly, bu gezek hem ýeterlik derejede alnyp barylmaýar.

Ýaryş 10-njy sentýabrda başlanýar. Emma Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telekanallarda, gäzetdir-žurnallarda bu barada ýörite bildirişler ýok. Hatda Türkmenistan we Neýtralnyý Turkmenistan merkezi gazetleriň şu günki sanynda bu çäre hakda gysgajyk habar hem çap edilmändir.

Şäherde halk köpçüliginiň geçýän ýerlerinde hem bu ýaryş bilen baglanyşykly hiç hili bildiriş göze ilmeýär. Onsoň ýaryşlar bilen gyzyklanýanlar bu baradaky maglumaty futbol federasiýasyna jaň edip almaly bolýarlar.

Açylyş dabarasy

Futbol ýaryşynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk hakda hem o diýen maglumat ýok. Geçen ýyl bu ýaryşyň duşuşyklary uly dabara bilen açylypdy. Olara, esasan, her çärelerde bolşy ýaly, ýokary okuw jaýlarynyň we mekdepleriň okuwçylary gatnaşdyrylypdy.

Prezidentiň kubogyny almak ugrundaky bu ýaryş her ýyl geçirilýär. Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründen bäri dowam edýän bu ýaryş ilkibaşda, onuň doglan gününe gabatlanyp, fewral aýynda geçirilýärdi. Geçen ýyldan bu ýaryş sentýabr aýynda geçirilip başlandy.

Ýaryşa, umuman aýdylanda, öňki Sowet Soýuzyna giren ýurtlaryň we käbir beýleki goňşy ýurtlaryň komandalary gatnaşýarlar. Geçen ýylky ýaryşda bolsa, halkara derejesinde o diýen tanalmasa-da, Türkmenistanyň futbol komandasy ýeňipdi.

10-njy sentýabrda paýtagtyň Köpetdag stadionynda Russiýa-Tajigistan komandalarynyň duşuşyklary bilen başlanjak bu ýaryş 19-njy sentýabrda “Aşgabat” stadionynda geçiriljek final duşuşygy bilen tamamlanar.
XS
SM
MD
LG