Sepleriň elýeterliligi

Şelton: Orsýet täsirini artdyrmakçy bolýar


ABŞ-da ýerleşýän Demokratiýa ugrundaky milli fonduň ýolbaşçylaryndan ykdysadyýetçi Judy Şelton, 2013-nji ýylyň 3-nji sentýabry.

ABŞ-da ýerleşýän Demokratiýa ugrundaky milli fonduň ýolbaşçylaryndan ykdysadyýetçi Judy Şelton, 2013-nji ýylyň 3-nji sentýabry.

Ermenistan birnäçe aýlap ýaýdanmakdan soň, Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Gümrük bileleşigine goşuljagyny mälim etdi. Ukraina bolsa, tersine, noýabr aýynda Wilnýusda Ýewropa Bileleşigi bilen Bilelşmek boýunça ylalaşyga gol çekmäge taýýarlyk bildirdi. Häzirki wagtda öz ýoluňy saýlamak meselesi regionyň beýleki ýurtlarynyň öňünde-de keserip dur, sebäbi bileleşikleriň bir wagtda guramalaryň ikisine-de agza bolmak mümkin däl.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy ABŞ-da ýerleşýän Demokratiýa ugrundaky milli fonduň ýolbaşçylaryndan ykdysadyýetçi Judy Şelton bilen söhbetdeş bolup, Orsýetiň Ýewropa Bileleşigine bäsdeş bolup biljek ykdysady guramasyny döretmeginiň we regionyň ýurtlaryna basyş etmeginiň sebäpleri bilen bagly sowallary berdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Orsýet 2010-njy ýylda Gazagystan we Belarus bilen bilelikde salgytdan erkin zonany döretdi we häzirki wagtda bu gurama beýleki postsowet döwletlerini hem çekip, onuň düzümini giňeltmekçi boýar. Orsýetiň täze regional ambisiýalary nämä gönükdirilýär?

Judy Şelton: Moskwa, şubhesiz, birwagtlar öz gözegçiliginde bolan giňişlikde hem ykdysady, hem syýasy täsirini dikeltmek isleýär. Orsýetiň şu günki problemasy - ol täze bir bileleşigi döretmek arkaly belli bir derejede köne bileleşigi dikeltmek üçin tagalla edýärkä, onuň ykdysadyýetiniň geljegine degişli çaklamalaryň onçakly oňyn däldigi bilen bagly. .

Orsýetiň ykdysadyýeti çakdanaşa çig mala, nebite garaşly bolup galýar. Meniň pikirimçe, korrupsiýa hem uly problemalary döredýär, şeýle ýagdaýda ýurtda adaty raýatlaryň hasabyna oligarhlaryň has-da baýamagyna ägirt uly mümkinçilikler döreýär.

Şonuň üçin Moskwa öz Gümrük bileleşigine goşmak isleýän ýurtlary üçin başga modeli teklip etmegiň zerurlygy barada oýlanmaly diýip pikir edýärin. Sebäbi häzirki ýagdaýda daşary ýurt maýa goýumlarynyň we daşary söwda dolanyşygynyň möçberi peselýär.

Orsýetiň häzirki ýagdaýynda ýurtda senagat önümçiliginde, işçi güýjüniň bazarynda peseliş bar. Ýylyň ikinji çärýeginde ösüş diňe 1.2%-e ýetipdir. Şol bir wagtyň özünde-de ýyllyk inflýasiýanyň 6%-e golaý boljagy çak edilýär. Şeýlelikde bu modeli nusga edinmäge we munuň bir bölegi bolmaga isleg bildirmek mümkin däl. Şeýle ýagdaýda, meseläniň syýasy tarapyna seredilende-de, islendik döwletiň öz garaşsyzlygy nukdaýnazaryndan seredilende-de, näme sebäpden men yza tarap ädim ätmeli, diýen sowaly orta atmagy mümkin.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Moskwa Orsýetiň postsowet ýurtlarynyň köpüsiniň harytlarynyň esasy hyrydarydygyny we olary energiýa bilen üpjün edýändigini aýdyp, muny ykdysady integrasiýa üçin esas hökmünde getirýär. Şeýle argumentler üçin ykdysady taýdan düýpli esas barmy?

Judy Şelton: Uly bir esas ýok. Ýurtlaryň döwrebaplaşmagy we ösmegi bilen olaryň ykdysadyýetlerine itergi berýän ugurlar-da üýtgeýär. Men muňa mysal getirmek isleýärin. Ukraina Orsýete 12.3 milliard ýewro möçberde öz harydyny eksport edýär. Onuň Ýewropa Bileleşigine edýän eksportynyň möçberi bolsa mundan hem uly bolup, 12.9 milliard ýewro ýetýär. Bu soňky ýyla degişli sanlardyr.

Orsýetiň bu ýurtlary energiýa bilen üpjün edýändigi barada aýdylanda bolsa, şol ýurtlaryň geçmişde Orsýetden energiýa serişdelerini satyn almagyna degişli tejribeleriniň hem onçakly öwerlikli däldigini görmek mümkin.

ABŞ-nyň mysalynda alyp görsek, ýurtlaryň geografiki taýdan ýerleşmeginiň haryt dolanyşygyna belli bir derejede tasir ýetirýändigini, emma diňe muňa bagly bolup durmaýandygyny görmek mümkin. ABŞ-nyň on sany söwda partnýoryny alyp görsek, olaryň arasynda ilkinji ýerde Kanada we Meksika durýar. Emma üçünji ýerde Hytaý, dördünji ýerde Ýaponiýa, ondan soň Germaniýa, Günorta Koreýa, Britaniýa, Fransiýa, Şweýsariýa we Hindistan durýar.

Dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän bu ýurtlaryň mysaly söwda partnýory bolmagyň diňe bir serhetleriň ýakynlygyna bagly däldigini görkezýär. Agzalan ýurtlar bilen söwda dolanyşygy ABŞ-nyň importynyň 67%-ini, eksportynyň bolsa 60%-ini emele getirýär.

Orsýet Gümrük bileleşiginiň çägindäki gatnaşyklaryň özüne golaý ýerleşýän ýurtlar üçin bähbitli boljagyny aýdýär, şeýle-de, Ukrainanyň bu gurama goşulmaga islegsizligini ýurduň öz-özüne kast etmegi diýip atlandyrýar.

Moskwanyň logikasynyň iş ýüzünde esassyzdygyny Belarusyň mysalynda görmek mümkin. Biz muny geçen hepdeleriň dowamynda Orsýetiň Belarusa akdyrýan nebitiniň 25%-ini kesýändigini yglan edende görüpdik. Şu aýa degişli bolan bu kararyň indiki aýlarda-da dowam etdirilmegi mümkin. Şeýle-de, Orsýet Belarusyň süýt önümleriniň importyna çäklendirmeleri, doňuz etine gadagançylygy girizdi.

Orsýet bilen bir gümrük bileleşiginiň çäginde bolan ýurtlaryň ondan şeýle garaşly bolup biljegini gören ýurtlar, elbetde, şeýle ýagdaýa düşmekden howatyrlanarlar. Häzirki wagtda Bearusyň importynyň 50%-i, eksportynyň bolsa 40 prosenti Orsýetiň paýyna düşýär.

Meniň pikirimçe, häzirki wagtda ýurtlaryň Orsýetiň gözegçiliginiň astyna düşmekden howatyrlanýandygy we Moskwanyň basyşlarynyň hem jezalandyrmalarynyň nyşanyna öwrülmek islemeýändigi barada gürrüň gidýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Kiýew iki mümkinçilikden hem peýdalanmaga, ýagny hem Ýewropa Bileleşigine tarap ädim ätmäge, hem Gümrük bileleşigine goşulmaga taýýardygyny aýdypdy. Emma başda Brýussel we yz ýany Moskwa munuň mümkin däldigini mälim edipdi. Olaryň beýle diýmeginiň sebäbini düşündirseňiz?

Judy Şelton: Ýewropa Bileleşiginiň nukdaýnazaryndan garanyňda, Ýewropa Bileleşigi bilen bileleşmek, onuň bilen gowy söwda we syýasy gatnaşyklary saklamak isleýän döwlet garaşsyz daşary söwda syýasatyny alyp barmaly.

Ukraina Gümrük Bileleşigine goşulsa, ol guramanyň umumy daşary söwda syýasatyna boýun bolmaly bolar, bu bileleşigiň daşary söwda syýasatynyň bolsa Orsýete garaşly boljagyna hiç hili şübhe ýok.

Indi meselä Moskwanyň nukdaýnazaryndan seredip göreliň. Moskwa Ukrainanyň bir wagtyň özünde iki gurama agza bolmagyna garşylyk bildirýär we munuň sebäbini düşündirip, Ukrainanyň Ýewropa Bileleşiginden import edýän harytlaryny has arzan bahadan almaga ukyply boljagyny we soň şol harytlary Gümrük bileleşigine satmak mümkinçiligine eýe bolup biljekidigini aýdýar.

Moskwa bu ýagdaýyň Gümrük bileleşigine girýän ýurtlaryň umumy içerki önümçiligine erbet täsir ýetirip biljekdigini belleýär. Gümrük bileleşiginiň potensial agzalarynda Ýewropadan gümrük salgydy tölenmezden, alynýan harytlary has arzan bahadan satyn almak mümkinçiligine eýe bolmagyň nämesi erbet, diýen sowalyň döremegi mümkin.

Emma bu, dogrudanam, şol ýurtlaryň öndürýän öz içerki harytlarynyň satylmagyna päsgelçilik döredip biljýär. Sebäbi bu şol ýurlaryň öz içerki önümçiliginiň ösüşiniň haýallamagyna we netijesiz bolmagyna getirip bilýär.

Meniň pikirimçe, bu ýerde Orsýetiň Ýewropa Bileleşiginiň uly söwda partnýorydygyny hem belläp geçmeli. Orsýet beýleki ýurtlary, şol sanda Ukrainany Ýewropa Bileleşigi bilen gowy söwda gatnaşyklardan saklanmaga çagyrýan bolsa-da, onuň özi Ýewropa Bilelşigi bilen söwdadan peýda görüp gelýär. Moskwa özüniň peýdalanýan mümkinçilikleriniň beýleki postsowet respublikalaryna elýeterli bolmagyny islemeýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Orsýetiň öz ykdysady ambisiýalarynyň çäginde Ýewraziýada döretjek bolýan täze ykdysady zonasyna günleriň birinde Hytaýyň hem goşulmagyny islemek ähtimallygyny çak etmek mümkinmi?

Judy Şelton: Meniň pikrimçe, Orsýetiň öz ykdysady modeline Hytaýyň hem goşulmagyna isleg bildirmegi Pekini geň galdyryp bilerdi. Sebäbi Hytaýyň ykdysady ösüş ýoly özüniň has netijelidigini subut etdi.

Emma bu ýerde meseläniň esasy tarapy, gaşsyz döwletler öz mümkinçiliklerini elden bermeli däl. Olar geljege öňdengörüjilikli garamaly we ähli potensial söwda güýçler bilen öz gatnaşyklaryndan, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryndan özleri üçin has bähbitli ýollary saýlap almaly.

Şeýlelikde geljekde özlerini çäklendirip biljek we ösüşini haýalladyp biljek Gümrük bileleşigine garanda, has giň mümkinçilik berýän we tutuş dünýä bilen gatnaşyklara ýol açýan Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklar köp ýurtlar üçin has amatly bolup görünýär.

Meniň pirkimçe, bu nukdaýnazardan, öňki sowet ýurtlary özleriniň geljegi barada oýlananda, öz geçmişini ýada salmaly. Olar Moskwa tarapyndan geçmişde giňden ulanylan mejbur etmeklik faktorynyň olary Gümrük bileleşigine çekmek meselesinde şu günki gün hem ulanylýandygyna göz ýetirmeli.

Meniň pikrimçe, Orsýet beýlekileri özüne çekmek üçin has döredijilikli usullary ulanyp bilmeýändigi sebäpli, gorka esaslanýan usullaryny köp ulanýar. Orsýet beýleki ýurtlaryň, şol sanda Ukrainanyň ýewropa döwletleri bilen, bütin dünýä bilen hyzmatdaşlygynyň has üstünlikli bolmagyndan howatyrlanýar.

Şeýle ýagdaýda garaşsyz döwletleriň Gümrük bileleşigine goşulmaga özlerini borçly duýman, bu meselä öz bähbitleri nukdaýnazaryndan çemeleşmekleri has möhüm, diýip pikir edýärin.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Moskwa Ýewropa Bileleşiginden tapawutlylykda potensial agza döwletlerden kanun we syýasy reformalary geçirmegi, hökümetiň has açyk bolmagyny, kanunyň hökmürowanlygyny we korrupsiýa garşy göreşmegi talap etmeýär. Bu ýagdaý Gümrük bileleşigine girmäge çagyrylýan ýurtlaryň jemgyýetçiliginde bu gurama ynamsyz garamaga esas döredýärmi?

Judy Şelton: Ýurtlar Orsýetiň teklip edýän bileleşigine agza bolmaklygyň örän aňsatdygyna, potensial agzalardan kanunçylygy berkitmegiň ýa korrupsiýany azaltmagyň talap edilmeýändigine şübheli garamaly diýip pikir edýärin. Aslyýetinde, bize goşulyň, bizde talap-da ýok, düzgün-de, diýmek bilen beýleki ýurtlary özüňe çekip bolmaýar.

Meniň pirikimçe, demokratiýa, adam hukularyna, syýasy azatlyga we ykdysady mümkinçiliklere ýeterlik derejede hormat goýmaýan gurama goşulmaga islegli ýurtlaryň köp boljagyna men ynanmaýaryn. Ýurtlar açyk-aýdyňlygyň, kanunyň hökmurowanlygynyň we korrupsiýa garşy göreşiň ähmiýetine üns bermeýän bileleşige goşulmakdan howatyr etmeli diýip pikir edýärin.
XS
SM
MD
LG