Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hussain Pakistanyň prezidentligine kasam etdi


Mamnun Hussain Pakistanyň täze prezidenti wezipesine girişmek üçin kasam etdi. Hussainyň kasam ediş dabarasy Pakistanyň Ýokary sudunyň başlygy kazy Iftikar Çodriniň ýolbaşçylygynda Yslamabatda gurnaldy.

Pakistanyň Mamnun Hussaindan ozalky prezidenti Asif Ali Zardari, ýekşenbe güni bäş ýyllyk prezidentlik möhletini tamamlandan soň wezipesinden aýryldy. Zardari demokratik saýlawlar esasynda saýlanan we prezidentlik möhletini doly ýerine ýetiren Pakistanyň ilkinji lideridir.

Zardari aýaly Benazir Bhuttonyň janyna kast edilenden soň häkimiýet başyna geçipdi. Onuň aýaly Benazir Bhutto Pakistanda iki möhlet premýer-ministr wezipesini ýerine ýetiripdi. Bhutto 2007-nji ýylda edilen hüjümde wepat bolupdy.

Pakistanyň kanun çykaryjylary Mamnun Hussaini iýul aýynda prezidentlige saýlapdylar. Tekstil biznessmeni 73 ýaşly Hussain köp wagtdan bäri Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarifiň Musulman Ligasy-Nawaz partiýasynyň agzasydyr we ol 1999-njy ýylda ýurduň Sindh welaýatynyň gubernatory wezipesinde işläpdi.
XS
SM
MD
LG