Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-Siriýa: Ses berişlik yza tesdirildi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Orsýetiň Siriýa boýunça goldaýan teklibini “potensial pozitiw teklip”, diýip atlandyrdy, şol bir wagtda-da onuň yza çekiji bir taktika hökmünde ulanylmagyndan howatyrlanma bildirdi. Bu teklibe görä, Siriýanyň hökümeti özüniň himiki ýaraglarynyň ählisini halkara gözegçiligine tabşyrmaly.

PBS telekanalyna beren interwýusynda Obama bu teklibiň onuň “Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen alyp barýan gepleşikleriniň dowamynda” peýda bolandygyny belledi. Obama duşenbe günki bu çykyşyny amerikan telekanallaryna beren interwýularynyň çäginde etdi.

Häzirki wagtda amerikan kanun çykaryjylary Siriýada bolandygy aýdylýan himiki hüjümler bilen baglylykda Obamanyň administrasiýasyna bu ýurtda harby çäreleri amala aşyrmaga ygtyýar berip-bermezlik meselesini maslahat edýärler.

Siriýanyň himiki ýaraglaryny halkara gözegçiligine bermegine degişli mesele boýunça diskussiýalaryň başlanmagy bilen baglylykda Senatdaky köpçüligiň lideri Harry Reid harby çäreler boýunça çarşenbe gününe planlaşdyrylan ses berişligi yza tesdirdi.
XS
SM
MD
LG