Sepleriň elýeterliligi

Medeni gymmatlyklar Owganystana dolandy


ABŞ Owganystana ýurtdan ogurlanan gadymy Rim döwrüne degişli gymmatlyklary ýagny çakyr üçin küýzäni we bäş sany altyn tapyndylary gaýtaryp berdi. Düşenbe güni Owganystanyň Waşingtondaky ilçihanasynda geçirilen dabarada ABŞ-nyň Immigrasiýa we gümrük agentligi bu gymmatlyklary Owganystanyň ABŞ-daky ilçisi Eklil Hakimä tabşyrdy.

Hakimi bu zatlary “Owganystany häsiýetlendirýän we galan dünýäden tapawutlandyrýan milli gymmatlyklar”, diýip atlandyrdy.

Bu gadymy gymmatlyklar 2011-nji ýylyň mart aýynda New Jersiniň Newark aeroportunda ABŞ-nyň gümrük ofiserleriniň eline düşüpdi. Derňewçiler bu zatlaryň ogurlanan medeni gymmatlyklaryň New Ýorkdaky bazaryna çykarmak üçin niýetlenendigini anyklapdyrlar.

ABŞ-nyň Gümrük gullugynyň aýtmagyna görä, 2005-nji ýyldan bäri amerikan resmileri Owganystanda dürli ýyllarda ogurlanan medeni gymmatlyklary owgan tarapyna dördünji sapar gowşurýarlar.
XS
SM
MD
LG