Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent-Pekin: Ylalaşyklar baglaşyldy


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň we Hytaýyň prezidenti Si Jinpingiň arasynda gol çekilen ylalaşyklaryň jemi 15 milliard dollara durýandygy barada habar berilýär. Bu ylalaşyklar Özbegistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlary hasaplanýan nebit we gaz pudaklaryna, şeýle-de uran önümçiligine degişli.

Daşkentde geçirilen metbugat-konferensiýasynda Yslam Karimow Hytaý bilen gatnaşyklara kanagatlanma bildirdi we Özbegistanyň garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Pekiniň Daşkentiň öňünde hiç wagtda “syýasy ýa beýleki şertleri goýmandygyny” malim etdi.

Si Jinping ýekşenbe güni Özbegistana bardy. Sişenbe güni Si Jinping Yslam Karimow bilen bilelikde gadymy ýüpek ýoluna degişli şähere Samarkanda barýar.

Hytaýyň lideri Merkezi Aziýa döwletlerine saparynyň dowamynda eýýäm Türkmenistana we Gazagystana baryp gaýtdy. Şeýle-de, onuň Gyrgyzystana baryp, ýurt resmileri bilen duşuşmagyna we şeýle-de bu ýurtda geçiriljek Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşmagy planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG