Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny protest geçirdi


Oppozision lider Alekseý Nawalny duşenbe güni agşam Moskwanyň Bolotnaýa meýdançasynda üýşen öz tarapdarlaryna ýüzlenip, olaryň ýekşenbe günki saýlawlarda aldanandygyny aýtdy. Saýlaw resmileri ses berişlikde Nawalnynyň Moskwanyň häzirki meri Sergeý Sobýaninden utulandygyny yglan etdiler.

Nawalny Moskwanyň merini saýlamak ugrunda geçirilen saýlawlaryň ýurtda hakyky oppozision güýjüň döremegine itergi berendigini aýtdy.

Saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşan Alekseý Nawalnynyň ştaby Sobýaniniň 51.3% ses toplap, saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň geçirilmezligini gazanmagy üçin bidüzgünçiliklere ýol berilendigini belledi. Resmi netijelerde Nawalnynyň 27.2% ses toplandygy yglan edilipdi.

Moskwanyň polisiýasy Nawalna goldaw bildirmek üçin jemlenen adamlaryň sanyny dokuz müň diýip kesgitledi, beýleki çeşmeler on müňden gowrak diýen sanlary öňe sürdüler. Häkimiýetler diňe 2 500 adamyň jemlenmegine rugsat beripdiler.
XS
SM
MD
LG