Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: ABŞ we Eýran pikir alyşdyrlar


Eýranyň daşary işler ministri Tähranyň we Waşingtonyň Siriýadaky konflikt boýunça “habar” alyşandyklaryny mälim etdi. Jawad Zarif bu barada duşenbe güni žurnalistleriň soraglaryna beren jogabynda habar berdi.

Şeýle-de, Zarif Tähranda ýakyn wagtda Waşington bilen Siriýa barada göni gepleşik geçirmek planyň ýokdugyny, emma “zerur bolanda” onuň habar alyşmaga taýýardygyny belledi.

Zarifiň sözlerine görä, ABŞ Eýran tarapyndan edilen “duýduryşlara” üns bermeli we Siriýa garşy harby zarbalary ulanmaly däl. Eýranyň daşary işler ministri mundan başga detallary mälim etmedi.

ABŞ bilen Eýranyň arasynda 30 ýyldan gowrak wagt bäri göni diplomatik gatnaşyklar saklanmaýar. Siriýanyň hökümetiniň esasy ýarany bolan Eýran ABŞ-nyň Siriýa garşy harby çäreleri görmek ideýasyna garşy berk çykyş edýar.
XS
SM
MD
LG