Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damask ýarag plany bilen razylaşdy


Siriýanyň daşary işler ministri Walim Muallem. Moskwa, Orsýet. 9-njy sentýabr, 2013 ý.
Siriýanyň daşary işler ministri Walim Muallem. Moskwa, Orsýet. 9-njy sentýabr, 2013 ý.

Siriýanyň hökümeti ýurduň himiki ýarag arsenalyny halkara jemgyýetçiliginiň gözegçiligine geçirmek baradaky teklibi kabul edýändigini mälim etdi.

Siriýanyň hökümeti ýurduň himiki ýarag arsenalyny halkara jemgyýetçiliginiň gözegçiligine geçirmek baradaky teklibi kabul edýändigini mälim etdi.

Sişenbe güni Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem Russiýanyň döwlet Dumasynda eden çykyşynda, Damaskyň rus tarapynyň eden teklibi bilen “razylaşýandygyny” aýtdy.

Mundan öň, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýanyň himiki arsenalyny halkara jemgyýetçiligiň kontrollygyna geçirmek ugrunda “açyk we aýdyň” bir planyň üstünde işlenýändigini aýdypdy.

Lawrow: “Häzirki pursat rus tarapy iş ýüzünde berjaý ediljek anyk we aýdyň bir planyň üstünde işleýär. Munuň üçin edil şu pursatda Siriýa tarapy bilen gepleşikler geçirilýär. Biz golaý wagtyň içinde bu plany aýan etmekçi. Biz planyň üstünde BMG-niň Baş sekretarynyň, Himiki ýaraglary gadagan edýän guramanyň, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda işlemäge taýýar” diýdi.

ABŞ

Himiki ýaraglara kontrollygy amala aşyrmak baradaky duşenbe güni edilen beýanat Waşington tarapyndan sypaýy gutlanyldy. Prezident Barak Obama duşenbe güni telewideniýede eden çykyşlarynda döwlet sekretary Jon Kerrä rus resmileri bilen habarlaşyp, bu taslama boýunça gepleşikleri geçirmegi tabşyrandygyny aýtdy.

CNN telekanalyna beren interwýusynda Obama “öňegidişligi gazanamagyň mümkindigini” belledi. Emma şol bir wagtda-da munuň režim tarapyndan “wagty utmak üçin” ulanylmagynyň mümkindigini hem sözüne goşdy.

Obama: “Munuň gowy özgeriş bolmak ähtimallygy bar. Siriýanyň içinde himiki ýaraglaryň ulanylmagyna garşy harby hüjüm bilen haýbat atylmadyk bolsa, men şular ýaly [oňyn] beýanatlar bolardy öýdemok” diýdi.

Himiki ýaraglary halkara jemgyýetçiliginiň gözegçiligine geçirmek baradaky beýanat ABŞ-nyň kanunçykaryjylarynyň Obmanyň administrasiýasyna Siriýa garşy çäklendirilen harby hüjümi amala aşyrmak ygtyýarlygyny berip-bermezlik baradaky çekişmelerine gabat geldi. Bu harby çäräni Siriýa hökümetiniň ulandy diýilýän himiki hüjümine jogap hökmünde geçirmek maksat edinilýär.

ABŞ Siriýa hökümetini 21-nji awgustda Damaskyň eteginde zäherli gazy ulanyp, 1 müň 400 töweregi adamy öldürmekde aýyplaýar.

Siriýanyň hökümeti bu aýyplamalary inkär edip, hüjümi gozgalaňçylaryň edendigini öňe sürýär.

Assadyň režimine garşy söweşýän gozgalaňçylar duşenbe güni beýanat ýaýradyp, bu planyň diňe wagt ýitirmekdigini, munuň netijesinde has köp ölümleriň boljakdygyny nygtadylar. Oppozisiýa hödürlenýän plany “syýasy göçüm” diýip häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG