Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň "sanly" köçeleri


Aşgabadyň "1928" belgili köçesi.
Aşgabadyň "1928" belgili köçesi.
Şu ýyl paýtagtyň köçeleriniň atlarynyň ýerine san belgileriniň ulanylyp başlananyna 10 ýyl dolýar.

2003-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabadyň ähli köçeleriniň ozaldan gelýän atlary aýrylyp, olar san belgileri bilen çalşyryldy. Häzirki döwürde paýtagtyň köçeleriniň ählisi diýen ýaly dört sifrden ybarat sanlar bilen belgilenen.

Onuň dört sifrli bolmagynyň sebäbi, bu belgileriň gelejekde köpeldiljekdiigi ýa-da azaldyljakdygy barada hiç hili maglumat ýok. Häzirki döwürde köçe nomerleriniň belgileri 1000 bilen 3000-üň aralygyndaky sanlardan ybarat.

Şol bir wagtyň özünde-de paýtagtyň diňe käbir köçeleriniň öňki atlary galdyryldy. Ol köçeleriň arasynda S.Nyýazowyň, onuň ejesiniň we kakasynyň atlary dakylan köçeler hem bar.

Öňki atlar

Köçeleriň atlary aýrylyp olaryň san bilen belgilenenine 10 ýyl geçendigine garamazdan, halk köpçüliginiň uly bir bölegi şol köçeleriň öňki atlaryny ulanýarlar. Hatda käbir döwlet edaralaryň işgärleri, şol sanda poçta, öý uprawleniýesi ýaly gönüden-göni salgylar bilen iş salyşýan edaralaryň işgärleriniň hem köpüsi öz edaralarynyň garamagyndaky territoriýalarynda ýerleşýän köçeleriň san bilen belgilenen atlaryny dogry aýdyp bilmeýärler.

Bu hem adamlaryň gündelik durmuşynda dürli kynçylyklar döredýär. Aşgabadyň ýaşaýjysy, 42 ýaşlaryndaky Oraz bu barada şeýle diýýär: “Tiz kömek”, ýangyn söndüriji ýaly nobatçy gulluklara ýüz tutulanda hem, köçeleriň öňki atlaryny aýtmasaň, düşünenoklar. Şonuň ýaly-da taksiçilire-de köçeleriň nomerini aýtsaň, barjak ýeriňe ýetjekdigiň gümana”.

Bu düşüniksizlige, gazetlerde çap edilýän bildirişlerde hem göz ýetirmek mümkin. Bildirişlerde köçäniň nomer belgisi goýlup, yzyndan bolsa köplenç halatda ýaýyň içinde onuň öňki köne ady goýulýar.

Bu hem käbir halatlarda halk arasynda şol köçeleriň iki adynyň hem ulanylmagyna getirýär. Bu bolsa öz nobatynda gerek bolan adresi tapmagy kynlaşdyrýar. Köçeleriň resmi we resmi däl iki adynyň ulanylmagy aýratynda paýtagtyň myhmanlary üçin uly kynçylyklary döredýär.

“Gerek bolan salgyny adamlardan sorap tapmaly bolýar. Ylaýta-da şäheriň 'Hitrowka' raýonyndaky köp sanly köçeleriň arasyndan gerek bolan salgyňy tapmak gaty kyn” diýip, Aşgabada gezmäge gelen maryly ildeşimiz Nurmyrat aýdýar.

Munuň üstesine-de Aşgabadyň köçeleriniň kartasynyň satuwda ýoklugy hem köçeleriň atlary bilen bagly kösençligi has-da artdyrýar.
XS
SM
MD
LG