Sepleriň elýeterliligi

Hytaý we gyrgyz prezidentleri duşuşdy


Bişkekde Hytaýyň prezidenti Si Jinpingiň we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda beýleki ylalaşyklar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk deklarasiýasyna hem gol goýuldy.

Hytaý prezidenti bilen geçiren gepleşiklerinden soň, çarşenbe güni Atambaýew žurnalistlere beren interwýusynda gol goýlan ylalaşyklaryň arasynda Pekiniň ulaglaryny Bişkege getirmek, Bişkekde milli gaz geçirijini gurmak, saglygy saklaýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly şertnamalar bar diýdi.

Şeýle-de, Atambaýew Bişkekdäki elektrostansiýanyň durkyny täzelemek, Gyrgyzystanyň demirgazygyny we günortasyny birikdirýän gara ýoly gurmak we Hytaýyň Gyrgyzystana 10 million amerikan dollary möçberinde pul karz bermegi barada hem ylalaşyga gelinendigini sözüne goşdy.

Dokumentlerde bellenmegine görä, Hytaý Gyrgyzystana 3 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýupdyr.

Si Jinping Gyrgyzystana edýän bu saparyna sişenbe güni başlapdy.
XS
SM
MD
LG