Sepleriň elýeterliligi

Obama: Orsýetiň teklibine mümkinçilik berýäris


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Waşingtonyň we onuň ýaranlarynyň Orsýetiň Siriýanyň himiki ýaraglaryny howpsuzlandyrmak baradaky teklibine mümkinçilik berýändigini aýdýar. Muňa garamazdan, Obama Siriýa edilmegi mümkin hüjümler üçin harby taýýarlygy saklaýar.

Obama Ak tamdan göni efirde eden çykyşynda "Moskwanyň Siriýanyň himiki ýarag arsenalyny halkara jemgyýetçiliginiň gözegçiligine geçirmek baradaky planynyň üstünlikli bolup-bolmajagy barada bir zat aýtmak üçin entäk ir" diýdi.

Ol Orsýetiň bu teklibiniň üstünde ABŞ-nyň ýaranlary Britaniýa we Fransiýa Orsýet hem-de Hytaý bilen işleşer diýdi.

Obamanyň aýtmagyna görä, Siriýanyň himiki ýaraglary ulanmagyna garşy çäre görmezlik ABŞ we onuň ýaranlaryna deňi-taýy bolmadyk howp abandyryp biler.

Şeýle-de, Obama ABŞ-nyň harbylaryna Siriýa garşy harby çäre görmek üçin taýýarlykly durmaklaryny aýdandygyny we diplomatik gepleşiklere mümkinçilik bermek üçin Kongresden harby hüjümler üçin ses bermekden wagtlaýyn saklanmagy sorandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG