Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet moldowan çakyryny gadagan edýär


Orsýetiň Moldowanyň çakyryny import etmegi gadagan edýän karary çarşenbe gününden başlap güýje girdi.

Sişenbe güni Orsýetiň saglygy saklaýyş edarasynyň ýolbaşçysy Gennadi Onişenko Moldawanyň çakyrynyň düzüminde garyndylar bar diýdi.

Sişenbe güni Moldowanyň ykdysadyýet ministri Waleri Lazar bolsa, “Moldawan çakyrynyň hili baradaky tehniki problemalaryň nirede gutaryp, nirede syýasy problemalaryň başlaýandygy” aýdyňlaşdyrylmalydyr diýýär.

Çakyr Moldowanyň gowşak ykdysadyýetiniň esasy pudagydyr.

Orsýetiň ýurda moldowan çakyryny import etmegi gadagan edýän bu karary Ukrainanyň şokoladlarynyň ýurda import edilmegine garşy girizen gadagançylygyndan birnäçe hepde soň mälim edildi.

Şu aýyň başynda Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Dmitriý Rogozin, Moldawanyň noýabr aýynda Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmak hakyndaky plany barada Moskwanyň ar almagynyň mümkindigini aýdyp, duýduryş beripdi.

Orsýet Moldawa, Ukraina we käbir beýleki post-sowet respublikalaryna Brýussel bilen ýakyn gatnaşyklary ret etmekleri üçin basyş edip gelýär
XS
SM
MD
LG