Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Himiki ýaraglara nädip gözegçilik ediler?


Himiki ýaraglaryň barlaglary, Siriýa.
Himiki ýaraglaryň barlaglary, Siriýa.
Siriýa himiki ýaraglary halkara gözegçiligine bermek we soň olary ýok etmek barada Orsýetiň edýän teklibini kabul edýändigini aýdýar. Emma Orsýetiň bu planynyň durmuşa geçirilmegine nähili mümkinçilikler bar? Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Habar merkezi bu meselä birnäçe tarapdan syn etdi.

Orsýetiň teklibiniň Damask tarapyndan kabul edilmeginiň nähili ähmiýeti bar?

Siriýa Orsýetiň teklibini kabul etmek bilen Damaskda himiki ýaraglaryň bardygyny tassyklaýar. Siriýa muny öň ýaňzydan hem bolsa, hiç wagtda göni boýun almandy. Şol bir wagtda-da, Siriýanyň sişenbe güni beren razylygy onuň dünýä ýurtlary bilen himiki ýaraglar meselesinde has açyklyga we bu ýaraglaryň ulanylmazlygyna tarap ilkinji möhüm ädim ädendigini gökezýär.

Emma Siriýanyň himiki ýaraglarynyň BMG-niň gözegçiliginiň astyna alynmagy we soň ýok edilmegi hakykatda has çylşyrymly işdir. Siriýada himiki ýaraglaryň näçesiniň bardygyny we olaryň nirede saklanýandygyny hiç kim takyk bilmeýär. Günbatar döwletleri Damaskyň 1980-nji ýyllarda himiki ýaraglar programmasyna başlaly bäri bu ýaragyň ýüzlerçe tonnasyny, şol sanda nerwleri ysmaz edýän Zarin, Tabun we VX gazyny öndürendigini çak edýärler.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Orsýetiň teklibini durmuşa geçirmegiň usullary barada ylalaşyp bilermi?

Islendik rezolýusiýa Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik bäş agzasynyň Siriýa boýunça çürt-kesik tapawutlanýan pozisiýalarynda barlyşyga gelmegini talap eder. Waşington, Pariž we London Siriýanyň ýarag saklanýan ýerlerine gözegçiligiň we olaryň ýok edilmeginiň BMG-niň inspektorlaryna tabşyrylmagy üçin gysga wagt möhletiniň berilmegini talap ederler. Şeýle-de, olar Damask bu işi uzaga çekmäge synanyşsa, munuň ýaramaz netije berjegini duýdurmak isleýärler.

Emma Orsýetiň we Hytaýyň gysga wagt möhletine-de, Damaskyň öňünde başga-da berk şertleriň goýulmagyna-da garşy çykyş etmeklerine garaşmak mümkin.

Londondaky Halkara strategik barlaglar institutynyň regional analitigi Dina Esfandiary şeýle diýýär: “Berk çäreler boýunça hemmäniň ylalaşmagyny gazanmak kyn, sebäbi Orsýet soňky aýlarda rezolýusiýalaryň kabul edilmegine böwet basypdy. Şeýlelikde, Orsýet hatda öz teklibiniň esasyndaky rezolýusiýa hem garşylyk bildirse, men muňa geň galmaryn”.

Hytaýyň goldawyna daýanýan Orsýet Howpsuzlyk geňeşiniň Başar al-Assady ýazgarýan we oňa garşy sanksiýalary göz öňünde tutýan ozalky rezolýusiýalaryň üçüsini böwetledi. Awgust aýynda Waşington BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi bilen işleşmekden el çekýändigini, sebäbi Siriýada 21-nji awgustda bolan himiki hüjümlerde Başar al-Assadyň aýyplanmagyna Orsýetiň garşy çykyş edýändigini mälim edipdi. Häzirki wagtda taraplaryň ählisi bile işleşmekçi bolýarlar.

Siriýanyň himiki ýaraglaryna gözegçilik etmek we olary ýok etmek işi BMG-niň inspektorlaryna näderejede kyn düşer?

Siriýanyň himiki ýaraglarynyň ýerleşýän ýerlerini barlamak üçin ýurduň dürli künjeklerine baryp görmeli bolar. Urşuň gidýän wagtynda muny amala aşyrmak gaty kyn.

Stokgolmyň Halkara parahatçylyk barlaglary institutynyň öňki agzasy, himiki ýaraglar boýunça britaniýaly bilermen Riçard Guthrie Siriýada barlag geçirjek inspektorlaryň BMG-niň parahatçylygy dörediji güýçleriniň goragyna mätäç boljagyny aýdýar.

Siriýada graždan urşunyň gidýän wagtynda ýurtda halkara güýçleriniň ýerleşdirilmegi olaryň konflikte çekilmeginiň töwekgelçiligini döredýär.

Siriýadaky gozgalaňçy toparlar ýarag gözegçiligine nähili täsir ýetirip bilerler?

Orsýetiň teklibinde Damask bilen ylalaşyga gelmek göz öňünde tutulýar, Siriýanyň gozgalaňçy toparlary bolsa agzalmaýar. Şol bir wagtda-da, bu toparlar birek-bireginden örän tapawutlanýar. Şeýlelikde, diňe bir Siriýanyň režimi bilen ylalaşyga gelmek ýeterlikli däl.

Eger dünýä ýurtlary Orsýetiň teklibini durmuşa geçirmek boýunça ylalaşsalar bu Siriýada diňe himiki ýaraglar bilen bagly meseläniň aradan aýrylyp, graždan urşunyň bolsa dowam etmegini aňladýarmy?

Gynansak-da, graždan urşy dowam eder. Sebäbi Orsýetiň plany-da, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky harby hüjümler-de diňe himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň öňüni almagy göz öňünde tutýar. Bu synanyşyklar Siriýada graždan urşunyň soňuna çykmak üçin ýol gözlemek meselesine gönükdirilmeýär. Bu diňe himiki ýaraglaryň gaýtadan ulanylmagynyň öňüni almak üçin niýetlenýär.
XS
SM
MD
LG