Sepleriň elýeterliligi

logo-print

"Her okuwça minut ýetenok"


1-nji synp türkmen okuwçysy.

1-nji synp türkmen okuwçysy.

Bu ýyl Aşgabadyň 55-nji mekdebindäki başagaýlyk adatdakysyndan has uly. Bu ýagdaýa esasanam başlangyç klaslarda duş gelse bolýar. Adaty klaslarda 20-25 okuwçy bolsa, bu mekdebiň başlangyç klaslaryndaky okuwçylaryň sany 40-a ýetýär.

Munuň sebäbi şu ýyldan başlap 7 ýaşly çagalar bilen bir hatarda 6 ýaşly çagalaryň hem mekdebe kabul edilip başlanmagy bilen bagly. Mekdepleriň köpüsinde bolşy ýaly, Aşgabadyň 55-nji mekdebi hem, täze ýagdaýa ýeterlik taýarlanyp ýetişmänkä, ýokardan berlen tabşyrygy berjäý etmeli bolan mekdeplerden biri.

55-nji mekdep

55-nji mekdep

Onuň täsiri bolsa, iň köp derejede mekdebiň gapysyndan şu ýyl ilkinji gezek giren çagalara ýetýär. “Her okuwça 35 minnutlyk sapagyň iň bolmanda bir minuty hem ýetenok. Beýleki klaslarda 25 töweregi okuwçy okaýar” diýip, ady agzalýan mekdebiň özüni Ýazgül diýip tanadan mugallymy aýdýar.

Ýagdaý beýleki mekdeplerde hem o diýen tapawutly däl. Täze tabşyryk esasynda şu ýyl mekdebe giren çagalaryň sany iki esse artdy. Bu hem umuman aýdylanda mekdeplerde klas otaglarynyň ýetmezçilik etmegine sebäp boldy.

Aşgabadyň Parahat mikroraýonyndaky 55-nji orta mekdebiň ýagdaýy hasam gözgyny. Sebäbi bu mekdep paýtagtda berýän biliminiň hili boýunça iň gowy mekdeplerden biri diýlip hasaplanýar, şunlukda oňa bolan talap adaty mekdeplerden has ýokary.

Türkmen we rus bölümler

Bu mekdebe bolan talabyň ýokary bolmagynyň ýene bir sebäbi hem onda türkmen bölümi bilen bir hatarda rus bölüminiň bolmagy bilen bagly. Şunlukda, diňe şu ýyl bu mekdep 500-den gowrak alty ýaşly mekdep okuwçysyny kabul edipdir.

1-nji synp okuwçylary

1-nji synp okuwçylary

Türkmen we rus bölümleri bolan mekdepde alty ýaşly birinji klas okuwçylarynyň türkmen bölüminde 2 klasyň, rus bölüminde bolsa 3 klasyň döredilmegi hem talaby ödärden bärde diýip, agzalýan mekdebiň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan mugallymlaryndan ýene biri aýtdy.

Okuw ýylynyň başlananyna 10 gün boldy. Edil şu günki gün, türkmen bölüminiň iki klasynyň hersinde 40-a golaý okuwçy okaýar. Bu şu ýyl okuwa giren başlangyç klas okuwçylarynyň sanynyň adatdakysyndan iki esseden köp bolandygyny aňladýar.

“55-nji mekdebe diňe Parahat mikroraýonyndan däl, şäheriň beýleki raýonlarydyr obalardan gelip okaýan okuwçylar hem bar” diýip, Aşgabadyň 55-nji mekdebiniň golaýynda ýaşaýan ýaşaýjy Selbi aýdýar.

Şol bir wagtda-da paýtagtyň çetindäki raýonlaryň käbir mekdeplerinde ýagdaý başgaça. Olaryň köpüsinde 1-2 klas bolup, olarda okaýan okuwçylaryň sany kähalatda 20-den hem geçenok.

Paýtagtyň 14-nji orta mekdebi hem şolar ýaly mekdepleriň biri. Bu mekdepde iki sany birinji klas bolup, olaryň hersinde okaýan okuwçylaryň sany 20 töweregi.

Resmi metbugatda habar berlişine görä, şu ýyl mekdep bosagasyna ilkinji gezek gadam basan birinji klas okuwçylarynyň sany 193 müň bolupdyr. Olaryň ýarysyndan hem köpüsiniň alty ýaşyndaky birinji klas okuwçylarydygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG