Sepleriň elýeterliligi

"Okuwy ýa-da başatgyjy saýla"


Lolita Taşuhajyýewa (çepde) we onuň ejesi Hawa Goýgowa. 4-nji sentýabr, 2013 ý.

Lolita Taşuhajyýewa (çepde) we onuň ejesi Hawa Goýgowa. 4-nji sentýabr, 2013 ý.

Gazagystanyň Politehniki uniwersitetiniň birinji kursunyň talyby, 16 ýaşly Lolita täze okuw ýylynyň ilkinji güni ýokary okuw jaýyna baranda, oňa uniwersitetiň ýolbaşçylary ýa okuwy saýla ýa-da başatgyjyňy diýýärler.

Kellesindäki başatgyç sebäpli Lolita Taşuhajyýewa üçin täze okuw ýyly dawa-jenjel bilen başlandy. Lolitanyň aýtmagyna görä, bu dawa-jenjel 2-nji sentýabrda uniwersitetiň baş korpusyna kitap almaga baranda bolup geçipdir.

Lolita umumy orta bilimi tamamlandan soň, ýokary okuw jaýynyň “turizm” bölümine okuwa ýerleşýär.

Uniwersitetde geçiren ilkinji güni barada Lolita Taşuhajyýewa şeýle gürrüň berýär: “Biz kitaphananyň ýanynda durkak, meniň ýanyma duýdansyz ýerden bir aýal geldi. Şol wagt men onuň kimdigini bilemokdym. Sebäbi şol gün meniň uniwersitetde ilkinji günümdi. Ol aýal meniň elimden tutdy-da: “Ýör meniň otagyma, [munuň] kuratoryny çagyryň” diýdi. Ol meni otagyna eltdi we batly ses bilen şeýle diýdi: “Nähili sebäplere görä şeýle eşikde uniwersitete geldiň? Sen bärik şeýle eşikde gelmäge neneň het edip bildiň? Birini saýla: Ýa sen şu uniwersitetde okarsyň ýa-da başatgyç atynarsyň!”

Lolitanyň gürrüň bermegine görä, ol uniwersitete dokumentlerini tabşyranda hem şeýle eşikde ekeni. Hatda ilkibaşda uniwersitete girmek üçin dokument tabşyranda-da başatgyçly suratyny beripdir.

“Okuw ýa-da din”

Lolita geçen tomus başatgyç atynmak kararyna gelipdir. Ýöne 2-nji sentýabrda ondan gowy pikirlenmegi we haýsy-da bolsa iki zatdan birini saýlamagy sorapdyrlar. Ýagny, “okuw ýa-da din”.

“Maňa “Sen bizden gaty görme, biziň saňa garşy hiç hili kastymyz ýok. Sen owadan ahyryn, seniň saçlaryň hem owadan. Sen näme üçin saçlaryňy örtýäň?” Men olaryň bu diýen zatlaryna hiç hili jogap bermedim we gitdim” diýip, Lolita gürrüň berýär.

Şol gün Lolitanyň ejesi Hawa Goýgowa ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylary bilen gürleşmek üçin uniwersitete barýar. Ýöne onuň bu synanyşygy başa barmaýar. Hawa Goýgowanyň aýtmagyna görä, onuň gyzynyň eýýäm orta mekdepdekä başatgyç atynasy gelipdir. Ýöne orta mekdepde umumy okuw formasy bolany sebäpli, ol başatgyç atynyp bilmändir. Hawa Goýgowanyň özi eýýäm 6 ýyldan bäri başatgyçly. Ol başatgyç atynany üçin şu güne çenli sylag-hormatdan başga zat görmändigini aýdýar.

“Ýokary okuw jaýynda, kim nähili islese, şolar ýaly hem geýinýär. Biz olardan şol uniwersitetde başatgyç atynmagy gadagan edýän buýrugy görkezmegi haýyş etdik. Ýöne olar meniň bilen beýle tiz duşuşmaly bolar öýtmändiklerini aýdyp, maňa ertir geliň diýdiler” diýip, Lolitanyň ejesi Hawa Goýgowa gürrüň berdi.

Gazagystanyň “din azatlygy we din bileleşigi” baradaky kanunynyň 5-nji maddasyna laýyklykda, döwletiň bilim we terbiýe beriş sistemasy dinden aýradyr we dünýewi häsiýete eýedir.

Politehniki uniwersitetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Zaureş Jusupowa Azatlyk Radiosyna öz uniwersitetlerinde başatgyç atynmaga rugsat berilmeýändigini aýtdy. Zaureş Lolita bilen hem gürleşipdir. Jusupowa ýokary okuw jaýynda geýinmegiň düzgünleri barada ýörite buýrugyň gelip gowşandygyny we özüniň şol buýrugy bozup bilmejekdigini aýdýar.

“Başatgyçly bolmaly däl”

“Mende bilim ministrliginden gelip gowşan ýörite hat bar. Men özüm ideologiýa meselelerine ýörite gözegçilik edýän adam hökmünde uprawleniýäniň başlygy Bimendina jogap berýärin. Ol bize ýokary okuw jaýymyzda “başatgyçly” bolmaly däldigini anyk aýtdy. Men Lolitany çagyrdym we oňa: “Sen ýa okuwy ýa-da başatgyjy saýla. Ony okuwdan soň öýüňde ýa-da başga ýerlerde atyn. Ýokary okuw jaýyna bolsa dünýewi egin-eşikde gel” diýdim” diýip, Zaureş Jusupowa gürrüň berdi.

Gürrüňdeşlikde Azatlyk Radiosy oňa Gazagystanyň Konstitusiýasynyň we döwlet tarapyndan gol goýlan halkara paktlaryň ýokary okuw jaýynyň içerki buýruklaryndan has ýokarydygyny delil getirende, ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Jusupowa bu ugurdan öz pozisiýasyny mälim etmedi we şol bada telefon aragatnaşygy kesildi.

Gazagystanyň Bilim ministrliginiň metbugat wekilleri bolsa, bu mesele barada diňe resmi derňewlerden soň çykyş edip biljekdiklerini aýdýarlar.

Lolitanyň ejesi bolsa Gazagystanyň Bilim ministrligine ugradan hatynyň jogabyna garaşýar.
XS
SM
MD
LG