Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fýule Orsýeti tankyt etdi


Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropanyň goňşy ýurtlary syýasaty boýunça jogapkär komissary Orsýetiň Brýussel bilen ýakyn gatnaşyk etjek bolýan ýurtlary jezalandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny tankyt etdi.

Stefan Fýule çarşenbe güni giçlik Strasburgdaky Ýewropa parlamentinde eden çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmak ähtimallygy bilen ilteşikli Orsýet tarapyndan abanjak islendik howpuň “kabul ederliksizdigini” aýtdy.

Fýule munuň howpsuzlyk kepilnamalaryny çykarmak ýa-da harby hyzmatdaşlygy bes etmek baradaky haýbatlary, emeli söwda bökdençlikleri, energiýa bahalaryny ýalňyş ulanmak ähtimallygy ýaly basyşlaryň ähli görnüşlerini öz içine alýandygyny nygtady.

Ýewropa Bileleşiginiň Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmak baradaky sammit noýabr aýynda Wilniusda geçiriler.

Şeýle-de Fýule Brýusselde Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmagy saýlap alan islendik ýurduň arkasynda Ýewropa Bileleşiginiň durjakdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG