Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Oppozisiýa lideri sud edilýär


Duşenbede Täjigistanyň öňde barýan oppozisiýa lideri, işewürçi sud edilýär. Täjigistanda resmi hasaba alynmadyk “Täze Täjigistan” partiýasynyň lideri we kanun çykaryjy Zaýd Saidow maý aýynda tussag edilipdi.

Şonda Saidowa beýleki aýyplamalar bilen bir hatarda para almak, wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak maliýe bidüzgünçiligi, kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen jynsy gatnaşyga girmek ýaly aýyplamalar ýöňkelipdi.

Saidow bu aýyplamalary ret edip, öz sud işiniň syýasy maksatlydygyny belleýär. Şu ýylyň başlarynda geçirilen sud diňlenişiginde Saidow öz syýasy partiýasyny döretmek barada netijä gelendigi sebäpli özüne zulum edilýändigini aýdypdy.

Aprel aýynda Saidow halk köpçüligine öz partiýasynyň öňde goýan maksatnamasyny tanyşdyranda hökümeti “öndümsiz reformalary bilen, kiçi hem-de orta göwrümli söwda basyş etmekde, hetdenaşa bahalar we giň ýaýran korrupsiýa bilen” berk tankyt edipdi.

Saidowyň sud işi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär. Oňa Saidowyň garyndaşlarynyň gatnaşmagyna rugsat berilmedi.
XS
SM
MD
LG