Sepleriň elýeterliligi

Rohani rus we hytaý liderleri bilen duşuşar


Penşenbe güni Bişkekde Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň aýry-aýrylykda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Hytaýyň prezidenti Si Jinping bilen gepleşikleri geçirmegine garaşylýar. Bu gepleşikler Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitinden bir gün öň amala aşyrylýar.

Penşenbe güni Gyrgyzystanyň daşary işler ministri anna güni geçiriljek Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitinde agzalýan gurama agza döwletleriň prezidentleriniň regional hem-de dünýä howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň düzümine Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Orsýet, Täjigistan we Özbegistan girýär.

Bu gurama synçy hökmünde gatnaşýan Owganystanyň, Eýranyň, Hindistanyň, Mongoliýanyň we Pakistanyň prezidentleri hem penşenbe güni Bişkege bardylar.

Hytaýyň prezidenti Gyrgyzystana barmazyndan ozal Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderleri bilen milliardlarça dollar möçberinde ylalaşyklara gol goýdy.
XS
SM
MD
LG