Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtda ýaşaýanlar artýar


Öz ýurdunyň daşynda ýaşaýanlaryň sany geçen ýylkylar bilen deňeşdireniňde barha artýar we mesgen tutmak üçin Birleşen Ştatlar iň meşhur ýer bolmaga dowam edýär.

Bu Birleşen Milletler Guramasynyň ilat bölünişi tarapyndan çarşenbe güni ýaýradylan raportynyň iň esasy netijeleriniň biridir.

Täze statistika görä, 2013-nji ýylda dünýäniň 3,2% ilaty, ýagny 232 million adam öz ýurdunyň daşynda ýaşaýar.

Bu san 2000-nji ýylda 175 milliona, 1990-njy ýylda 154 milliona barabardy.

BMG-niň raportynda bellenmegine görä, dünýäniň ähli halkara migrantlarynyň üçden ikisi Ýewropada we Aziýada ýaşaýar. Ýagny 2013-nji ýylda olaryň 72 milliony Ýewropada, 71 milliony hem Aziýada ýaşaýar.

Gürrüňi edilýän raportda aýdylmagyna görä, ABŞ-da 45,8 million daşary ýurtly ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG