Sepleriň elýeterliligi

Phenýanyň reaktory aladalandyrýar


Birleşen Ştatlaryň derňew institutynyň ýaýradan raportyna görä, Demirgazyk Koreýanyň gaýtadan uçurmagy planlaşdyrýan Ýonben ýadro reaktory halkara aladalaryň döremegine sebäp bolýar.

Atom energiýasy halkara agentliginiň ýolbaşçysy Ýukiýa Amano AEHA-niň raportlary gözden geçirýändigini, ýöne henize çenli şol ýerdäki ýagdaýlar barada özlerinde “anyk düşündirilişiň” ýokugyny belleýär.

Orsýet gytaklaýyn alamatlar Ýonbende käbir çäreleriň geçirilýändigini görkezýär diýdi. Ýöne reaktoryň gaýtadan uçurylandygy barada hiç hili deliliň ýokdygyny hem sözüne goşdy.

Orsýetiň diplomatik çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, Moskwa ýarag plutoniumy öndürip biljek “pajygaly” reaktordan alada bildirýär.

2007-nji ýylda Demirgazyk Koreýa alty döwletiň arasynda geçirlen gepleşikler esasynda Ýonben reaktoryny ýapypdy.

Şu ýylyň aprel aýynda Phenýan Ýonbendäki desgalary gaýtadan dikeltmegi planlaşdyrýandygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG