Sepleriň elýeterliligi

"Herimiz bir ýana äkitdi ýollar"


Ukrainanyň Klewen şäherindäki ulanyşdan galan demir ýolyň ugrundan ýöräp barýan gyz. Bu ýer ýeliler tarapyndan "Söýginiň geçelgesi" diýip atlandyrylýar.

Ukrainanyň Klewen şäherindäki ulanyşdan galan demir ýolyň ugrundan ýöräp barýan gyz. Bu ýer ýeliler tarapyndan "Söýginiň geçelgesi" diýip atlandyrylýar.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň nobatdaky täze goşgulary

Pursat

Agalar,
men şunkar guşum uçurdum,
Sag
elimden sol elime alynçam.

"Saýatly-Hemra" dessanyndan

Sesim gyrylýança aýtdym nama,
Bir dana diňleýjä boýun bolynçam.
Guwdurap, göwnüne degdim men nijäň,
Daşyň sözden ýumşakdygyn bilinçäm.

Ýykdym, ýykamdan soň müň puşman etdim,
Göwresi ejizi, injigi inçäň.
Şol dyrmaşdym ýördüm beýiklik sary,
Aşak inmäň kyndygyny bilinçäm.

Daga kesek atdym, gopardym daşyn,
Bir gün kemerine zarlar bolynçam.
Bilmedim men bu enaryň gadyryn,
Küýsäp, şirin-şeker baryn ýolynçam.

Bir ömrüňe iki ykbal gerek däl,
Pursat gerek boldy şony bilinçäm.
Ikarada "şuňkar guşum uçurdym,
Sag elimden sol elime alynçam".

Miras

Herimiz bir ýana äkitdi ýollar,
Sen hanjakda, hal-ahwalyň näjüre?
Seni tapmasam-da tapdym bu ýeri,
Geldim seyilgähim duşuşyk ýere.

Şu ýerde galypdy pynhan sözlerim,
Bile uzan elim edipdi bimar.
Lebleriňde galan emelsiz posam,
Ah, közdi, ýalyndy, ataşdy, ot, nar.

Gam-gussaňa pida bolma taýyndy,
Göwnüm ilki, ýürek ilki, ser ilki.
Ant gerek däl çagy içdiň sen anty:
-Dirlikde seniňki, ölsem ýeriňki.

Ne meniňki boldüň, ne-de ýeriňki,
Bagty daş ýaranyň bolduň jübidi.
Senden maňa ýeten ýeke-täk miras,
Duşuşyk ýerimiz meňki ebedi.

Ýürek howlaberse köwlenýän bu ýan,
Oda düşýär ýürek ilki, ser ilki.
Wah, gerek däl çagy içdiň sen anty:
-Dirlikde seniňki, ölsem ýeriňki.

Hol-ha, iki juwan golaýlap gelýär,
Gideýin galmankam bir ýaman ada.
Goşgym seniňki däl, meniňki bolsun,
Geçmişi ýatladyp, salmaýyn oda.
XS
SM
MD
LG