Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-hytaý gatnaşyklary: Altyn ortalyk nirede?


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow (S) hytaýly kärdeşi Si Jinping Aşgabatda hormat garawulynyň öňünden geçýär. 3-nji sentýabr, 2013.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow (S) hytaýly kärdeşi Si Jinping Aşgabatda hormat garawulynyň öňünden geçýär. 3-nji sentýabr, 2013.

Golaýda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk şertnamalary bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň barha ösýändigini, şol bir wagtda Pekiniň Merkezi Aziýadaky rolunyň barha güýçlenýändigini görkezdi.

Hytaý bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň gaz söwdasynda Moskwa bolan garaşlylygyny azaltmagynda uly rol oýnady.

Ýöne synçylar Pekiniň ykdysady täsiriniň aşa güýçlenmeginiň Merkezi Aziýa respubliklarynyň, şol sanda Türkmenistanyň syýasy garaşsyzlygyna ýaramaz täsir ýetirmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Käbirleri bolsa «Ýagyşdan gaçyp, damja uçramakdan» ägä bolmalydygyny duýdurýar.
Eýsem Hytaý bilen gatnaşyklarda altyn ortalyk nirede?

Dünýäniň uly ykdysady läheňleriniň biri bolan ýurt bilen Türkmenistan ýaly ýaş ýurduň özara deň bähbitli hyzmatdaşlyk edip bilmegi üçin nähili çelgilerden ugur almaly?

Bu baradaky söhbetete Türkmenistandan ýerli synçylar, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, raýat aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow , Şwesiýadan ykdysatçy we oppozisiýa wekili Hudaýberdi Orazow gatnaşdy.

Söhbeti diňläp, pikirleriňizi aýtmagyňyza garaşýarys.


Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG