Sepleriň elýeterliligi

Futbol: Uly ýaşly oýunçylaryň bardygy aýdylýar


Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda futbol ýaryşy. Türkmenistanyň we Eýranyň komandalary. 11-nji sentýabr, 2013 ý.

Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda futbol ýaryşy. Türkmenistanyň we Eýranyň komandalary. 11-nji sentýabr, 2013 ý.

11-nji sentýabrda paýtagtyň “Aşgabat” stadionynda Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda futbol boýunça ýaryşyň açylyş dabarasy hem-de Türkmenistan bilen Eýran komandalarynyň duşuşyklary bolup geçdi.

Duşuşykda türkmen futbolçylary eýranly garşydaşlaryndan 6-2 hasap bilen üstün çykdylar. Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir türkmen futbolçylary, türkmen komandasynyň düzüminde oýnaýan futbolçylar bilen bagly, şeýle-de komandanyň ýeňşinde käbir soraglaryň bardygyny aýdýarlar.

17-den ulular hem bar...

Bu ýaryş ýaşy 17-ä çenli futbolçylaryň gatnaşmagynda geçirilýär. Emma Türkmenistanyň komandasynyň hatarynda oýnaýan futbolçylardan azyndan üçüsiniň ýaşynyň 17-den ýokarydygy barada resmi taydan tassyklanmadyk maglumatlar bar.

Atlarynyň agzalmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosyna maglumat beren käbir çeşmeler şeýle futbolçylaryň käbiriniň atlarynyň hem üýtgedilip tanadylýandygyny aýdýarlar.

Şeýle futbolçylardan biri hem 4-nji nomerde oýnan Mekan Saparow, onuň 1994-nji ýylda doglandygy aýdylýar. Ol milli çempionatda Balkan komandasynda oýnaýar.

11-nji sentýabrda geçirilen ýaryşda, 13-nji nomerde oýnan Annasähet Annasähedowy duşuşygyň diktory Begenç Ahmedow diýip tanatdy. Onuň 1992-nji ýylda doglup, Halkara Türkmen-Türk Uniwersitetiniň futbol komandasynda oýnaýandygy aýdylýar.

“Aşgabat” komandasynyň 17-nji nomerde oýnan oýunçysy 1993-nji ýylda doglan Ruslan Gurbanowyň ýaşy hem bu ýaryşyň düzgünine gabat gelmeýär. Duşuşygyň diktory ony Serdargeldi Kapaýew diýip tanatdy. Bu maglumatlary futbolçylaryň özüne tassyklatmak ýa inkär etdirmek başartmady.

Öňki oýunçylar

Emma türkmen komandasynda ýaşy uly futbolçylaryň oýnaýandygy baradaky maglumaty ilkibaşda bu komanda oýunçy edilip alnan, emma soňra komandadan çykarylan käbir futbolçylar hem tassyklaýarlar.

Adynyň tutulmagyny islemedik türkmen futbolçylarynyň biri özüniň we ýene-de 6 sany futbolçynyň milli ýygyndy komandadan hiç hili düşündirişsiz çykarylandygyny, özlerinde derek ýaşuly we has tejribeli futbolçylaryň alnandygyny aýdýar.

“Bizi türgenleşik döwründe bolýan myhmanhanamyzdan çykardylar. Hiç hili düşündiriş bermediler. Biziň ýerimize bolsa has tejribeli we ýaşy uly futbolçylary aldylar” diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemedik, Türkmenistanyň bu ýaryşa gatnaşýan milli ýygyndy komandasynyň öňki oýunçysy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumaty resmi hem degişli edaralara tassykladyp ýa inkär etdirip bilmedi. Emma türkmen futboly bilen ýakyndan tanyş käbir çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, bu hili ýagdaý bu halkara ýaryşynyň mundan ozalky geçirilen ýaryşlarynda hem gaýtalanypdyr. Emma oňa garşy çykan bolmansoň, üns berilmändir.

Ýeri gelende aýtsak, 19-njy gezek geçirilýän ýaryşyň taryhynda Türkmenistanyň kubogy diňe üç gezek ýurduň daşyna çykdy. 1998-nji ýylda bu kubogy Eýranyň, 2002-nji ýylda Gürjüstanyň we 2006-njy ýylda Moldowanyň komandalary eýelediler.
XS
SM
MD
LG