Sepleriň elýeterliligi

Assad: Orsýet üçin eglişige geldik


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad, "Siriýa öz himiki ýarag arsenalyny halkara jemgyýetçiliginiň gözegçiligine geçirmegi Birleşen Ştatlaryň harby çäre görmek baradaky haýbatlary üçin däl-de, Orsýet sebäpli kabul edýär" diýdi.

Penşenbe güni Orsýetiň “Rossiýa 24” telekanalyna beren interwýusynda Assad, Siriýanyň himiki ýaraglary halkara jemgyýetçiliginiň gözegçiligine geçirmek baradaky gelen kararyna ABŞ-nyň haýbatlary täsir etmedi diýýär.

Şeýle-de, Assad himiki ýaraglaryň halkara jemgyýetçiliginiň gözegçiligine geçirmek baradaky ylalaşygy taýýarlamagy üçin Damaskyň Birleşen Millet Guramasyna zerur dokumentleri tabşyrjakdygyny belläp geçdi.

Birleşen Ştatlar geçen aý Damaskyň eteginde edilen himiki hüjümler sebäpli Siriýa garşy harby çäre görmek zerurlygy baradaky garaýyşlaryny gowşatdy. ABŞ-nyň berýän maglumatlaryna görä, şol hüjümde 1400 töweregi adam heläk bolupdyr.

Waşington bu hüjüme Assadyň režiminiň jogapkärdigini aýdýar. Siriýa bolsa bu aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG