Sepleriň elýeterliligi

Akkaýa: Türkiýedäki türkmen oglanlardan göwnüm galdy


Türkiýeli söwdegär Mustafa Akkaýa, 2013-nji ýylyň 12-nji sentýabry.

Türkiýeli söwdegär Mustafa Akkaýa, 2013-nji ýylyň 12-nji sentýabry.

Garaşsyzlyk ýyllarynda işiň gözleginde türkmenistanlylar müňläp daşary ýurtlara çykdylar. Türkiýe olaryň iň köp baran ýurtlaryndan biridir. Türkiýeli söwdegär Mustafa Akkaýa ynha şeýle ýagdaýdaky türkmenleriň içki dünýäsi bilen tanyş adamlardan biri.

Ol zähmet migrantlary bilen öňki aýaly, şol bir wagtyň özünde-de türkmenistanly zähmet migrantlardan biri bolan Şaselbi adyndaky zenan arkaly tanyşypdyr. Mustafa Akkaýanyň aýtmagyna görä, ol şol tanyşlyk esasynda ençeme türkmenistanla işe ýerleşmäge kömek edipdir.

Mustafa Akkaýa bilen Türkiýedäki habarçymyz Döwlet Baýhan söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Mustafa Akkaýa, siziň türkmenistanly zähmet migrantlarynyň dünýäsine aralaşmagyňyz nähili boldy?

Mustafa Akkaýa: Meniň türkmenistanly zähmet migrantlary bilen tanyşyp, olaryň dünýäsine aralaşmagyma bir türkmen aýal sebäp boldy. Onuň ady Şaselbi Babaýewa, Aşgabatly ýagny Gowdanly. Onuň bilen ilki şeýle tanyş bolduk. Soň ymam nikasyny gyýdyk we dört ýyl ýaşaşdyk.

Ýöne soň bizi ykbal aýyrdy. Sebäbi ol bärde bikanun bolýardy. Türkmenistanly zähmet migrantlaryny işe ýerleşdirmeklik bilen meşgullanýardy. Bir gün ulagda gidip barýarka polis tutdy we ol Türkmenistana deport edildi. Şondan soň hem türkmenistanly doganlarymyz bilen aragatnaşygym has ýygjamlaşdy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly zähmet migrantlarynyň dünýäsinde sizi geň galdyrýän we şeýle bolmasa has gowy bolardy diýdirýän nähili ýagdaýlar bolup geçýär?

Mustafa Akkaýa: Türkmenistanly zähmet migrantlaryň dostlugy gaty gowy. Ýöne meni gaharlandyrýan, göwnüme ýaramaýan bir häsiýetleri bar. Türkmenistanly erkek adamlaryň arasynda Türkiýede öz aýal-gyzlaryny işledip, şolaryň gazanjyna ýaşaýanlary köp. Türkmenistanyň iň köp Çärjewden gelen zähmet migrantlarynda şeýle aýal-gyzyň hasabyna ýaşamaklyk häsiýeti bar.

Olardan başga ýene Baýramaly we Owganystana giden ýoluň ugrundaky Tagtabazar we Guşgy tarapdan gelenlerde hem şeýle aýal-gyzyny işledip ýatmaklyk häsiýeti bar.

Azatlyk Radiosy: Mustafa Akkaýa, siziň aýdyşyňyza görä, türkmenistanly erkek zähmet migrantlar ýanyndaky aýal-gyzlaryny işledip, Türkiýede özleri näme bilen meşgullanýar?

Mustafa Akkaýa: Türkmen erkek zähmet migrantlarynyň uly bir bölegi aýal-gyzlaryny işledip, özlerem ýatyrlar. Olaryň arasynda içip, aýlanyp ýörenlerem köp. Soňky wagtlarda Türkiýede alty aýlyk ýaşaýyş rugsady berilip başlandy. Alty aýlyk ýaşaýyş rugsadyny alan türkmenistanly zähmet migrantlaryň arasynda hasam arkaýynlaşyp bir-biri bilen urşup-sögüşip ýörenlerem bar.

Bolup geçen bir wakany mysal getirmek isleýärin. Geçen täze ýyl baýramçylygynda çärjewli ýagny lebaply dört zenan içip heläk bolupdyr. Stambulyň Şirinewler diýen ýerinde bir türkmenistanly adam ýasama arak ýagny samogon ýasap satýardy. Ýaňky dört zenan şondan alyp, içip heläk bolupdyr. Şol zenanlardan Tamara atly biriniň jesedini hut özüm tabytlap aeroportdan kargo bilen Türkmenistana ugratdym. Ýöne şonda-da türkmenistanly zähmet migrantlarynyň zenanlary erkeklerinden has erkek. Muny ýörite belläp geçmek isleýärin.

Azatlyk Radiosy: Mustafa Akkaýa, türkmenistanly zähmet migrantlary özlerini şeýle oňaýsyz alyp barýan bolsa, ýerli halk onda olara nähili garaýar?

Mustafa Akkaýa: Şonda-da ýerli halkyň türkmenistanly zähmet migrantlaryna garaýşy erbet däl. Sebäbi esasanam türkmen aýal-gyzlarynyň Türkiýede maşgalalarda işläp alýan puly halal. Türkmenistanly gelin-gyzlar bu ýerde öz öýünde hem ýurdunda etmedik işlerini edýärler.

Bir maşgalanyň aýal-erkeginden başlap çagasyna çenli hemmesiniň ähli hyzmatyny edýärler we arassaçylygyna seredýärler. Türk halky şeýle işleri etmeýändigi sebäpli, olar türkmenistanlylary gaýtam gowy görýärler.

Türkmenistanly erkek zähmet migrantlarynyň köpüsi işlänok. Meselem, bir çörek bişirilýän ýerde iş berseň, bir hepde hem çydap işläp bilmän derrew işi taşlaýarlar. Gurluşyk işini etdirjek bolsaň o taýda hem edil şolar ýaly.

Ýöne türkmen erkek zähmet migrantlarynyň arasynda gowy işleýänem bar. Meselem, meniň ýanymda maryly oglanlar bar we olar gaty gowy işleýärler. Balkan tarapynyň erkek adamlaram gowy işleýärler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanlylar Stambulda aňsat iş tapyp bilýärmi? Olar haýsy ýoldan we nädip iş tapyp, işleýärler?

Mustafa Akkaýa: Bu ýerde ýörite iş tapyp berýän firmalar bar. Türkmenlere hem öz türkmenleriniň iş berýän firmalary bar ýa-da bolmasa türk firmalary bar. Girdeýjisiniň (Ilkinji aýlygynyň) ýüzden kyrk göterim bölegini berjek diýene iş tapylýar. Firma şol ýüzden kyrk göterim paýyna derek üç gezek iş çalyşmagyna kömek edýär.
Meselem, bir tanyşymyň üç-dört sany şeýle firmasy bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly zähmet migrantlary işden daşary nirelerde we nähili ýaşaýarlar?

Mustafa Akkaýa: Türkmenistanly zähmet migrantlary Stambulda üç ýüz türk lirasyna bir jaý tutup, on maşgala bolup aýally-erkekli bir ýerde ýaşaýarlar. Olaryň ýaşaýan ýerleri, şertleri asla gowy däl. Ýagny gaty erbet şertlerde ýaşaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Mustafa Akkaýa, siz Stambuldaky türkmenistanly zähmet migrantlarynyň arasynda gezip ýören we olaryň ýagdaýlaryny gowy bilýän biri höküminde, Türkiýä işlemäge geljek bolýanlara nähili maslahatlaryňyz bar?

Mustafa Akkaýa: Türkmenistanda eýdip-beýdip iş tapjak bolsunlar. Türkiýä işlemäge gelmesinler. Hemme zatdan owal olaryň maşgalalary dargaýar, durmuşynda gaty köp kynçylyklar döreýär we ýalňyşyp bilýärler. Soň Türkiýä işlemäge gelip, yzyna dolanmak islänoklar.

Azatlyk Radiosynyň üsti bilen Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna bir haýyş bilen ýüzlenmek isleýärin. Türk gurluşyk işçileriniň müň dollar aýlyk alýan ýerinde ýüz dollara işledilýän türkmenistanlylara ýüz dollar däl, üç ýüz dollar bersin.

Türkmenistanly ýolbaşçylar öz halkyna ýüz ýa iki ýüz dollar köp aýlyk bersin. Türkmenistanyň halky hem öz watanynda galsyn. Türkmenistanyň halky Türkiýä gelmesin. Bärde olaryň ýagdaýy gaty gynançly. Türkmenistanly ýolbaşçylaryň halkyna rehimi gelsin. Olary şeýle ýagdaýa duçar etmeklik uly günä.

Türkmenistanda aýlyklary üç ýüz dollar etseler, Türkiýä hiç kim işlemäge gelmez. Sebäbi Türkiýede alýan aýlyklary 400-500 dollar. Şonuň üçinem aýlyklary galdyrsalar hiç kim daşary ýurda işlemäge gaýtmaz. Hiç kim öz maşgalasyny, çagasyny, ene-atasyny we watanyny taşlap gelip bärde şeýle gözgyny ýagdaýda işlemesin.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG