Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýaşlaryň gozgaýan meseleleri


"Vkontakte" sosial ulgamynyň websahypasyndan bir bölek.

"Vkontakte" sosial ulgamynyň websahypasyndan bir bölek.

Bilşimiz ýaly, soňky döwürde internet biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Haýsydyr bir maglumaty gözlesek, kino görjek bolsak ýa-da bilet aljak bolsak, ýa-da öz bank hasabymyzy dolandyrmak islesek, onda internete çatylgy kompýuteriň düwmesine basmak ýeterlik.

Ýaşlar barada gürrüň edilende, olaryň internetde iň köp gyzyklanýan sahypalary sosial ulgamlary. Geçen hepdedäki ýaly, bu hepde hem biz türkmenleriň sosial ulgamlarda ara alyp maslahatlaşýan, jedel edýän käbir sahypalaryna girip, şol pikir alyşmalara nazar aýladyk.

Ynha, bu hepde haýsy sosial ulgamda kim näme diýipdir, bu ugurdan biziň gysgaça synymyz.

"Ertir.com"

Gürrüňe “Ertir.com” bilen başlaýarys. Geçen hepdäniň dowamynda “Ertir.comda” gürrüňi edilen gyzykly temalaryň biri “Talyp gyzy” atly temadyr. Bu tema “Ertir.comuň” Miss enka atly agzasy tarapyndan gozgalypdyr. Ol 7-10-njy sentýabr aralygynda 478 sapar okalyp, oňa 40 teswir gelip gowşupdyr.

Şol teswirde bir talyp gyzyň ýokary okuw jaýynda öz söýýän ýigidine garaşyşy, soňra oglanyň öýüne baranda-da, ol oglanyň aradan çykandygyny bilşi, yzyna uniwersitete dolanyp gelende, talyp gyzyň penjireden söýýän ýigidiniň ruhuny görşi we söýýän ýigidini gören gyzyň penjireden özüni aşak zyňyşy, şeýlelikde ikisiniň hem ruhlarynyň birleşişi ýaly hekaýa aheňli waka suratlandyrylýar.

Şol blogyň aşagyda ençeme teswir galdyrylypdyr, olaryň birinde özüni Senator diýip tanadan okyjy ilki: “Beh, oýlandyryjy” diýip, soňra-da: “Ikisem öldümi indi. Gözüne göründimika oglan?” diýip, öz teswirini sorag bilen jemleýär.

“Ertir.comuň” friendjik diýen agzasy bolsa, bu tema barada: “Bolup biler, ýöne şonda-da janyň Eýesi bara?!” diýip, öz pikirini beýan edipdir.

“Vkontakte”

“Vkontakte” sosial ulgamynda “Ertir.com” saýtyndaky ýaly temalar gozgalmasa-da, ol ýerde hem türkmenleriň durmuşy bilen baglanyşykly ençeme täzelikler paýlaşylýar we şol paýlaşylan täzelikler barada her kim öz pikirini beýan edýär.

“Vkontakte” sosial ulgamynda türkmenleriň pikir alyşýan toparlaryndan biri hem “Top people of Turkmenistan”, ýagny “Türkmenistanda iň öňdäki adamlar”. Şol toparda soňky wagtlar iň köp gürrüňi edilýän täzelikleriň biri, aýdymçy Kakajan Rejebowyň soňky wideoklibi. Bu klip 27-nji awgustdan bäri 84 sapar halanyp, oňa 14 teswir galdyrylypdyr.

“Vkontaktede” köpüň ünsüni çeken täzelikleriň ýene biri-de, bir oglanyň her goly bilen bir gelni tutaklap gelşini görkezýän surat. Bu hem sosial ulgamyň okyjylarynyň arasynda gyzyklanma döredipdir. Agadurdy Durdymyradow atly agza bu suratyň aşagynda: “Ýok-laý, ikisi birlikde däl!!!” diýip, öz pikirini galdyran bolsa Nazar Kulyýew: “Bu näme, täze modamy?” diýen sowaly goýupdyr.

"Twitter"

"Twitter" sosial ulgamyndaky türkmenleriň arasynda bolsa soňky hepdäniň dowamynda nakyl ýazmak barha ýörgünli bolýar. "Twitter" sosial ulgamynyň agzalary nakyl diýen sözüniň öňünden “haş täg” alamatyny goýup, türkmen nakyllaryny bir-birleri bilen paýlaşýarlar. Olaryň arasynda “Pis pisi tapar, suw - pesi”, “Hudaý berse guluna - getirip goýar ýoluna” ýaly nakyllar paýlaşylypdyr.

Hormatly internetçi ýaşlar, gürrüň edere, elbetde, zat köp, diňe saýlanan teswirleri siziň bilen paýlaşdyk. Eger siz hem türkmenleriň aktiw gatnaşýan sosial ulgamlary we olaryň mazmuny hakda gürrüň etmegimizi isleýän bolsaňyz, şol linki biziň bilen paýlaşyň.
XS
SM
MD
LG