Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-Orsýet: Gepleşikler gecirildi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýanyň himiki ýaraglaryny ýok etmek babatyndaky gepleşikleriň Siriýa boýunça halkara konferensiýasyny geçirmek plany dikeltmäge ýardam berjegine umyt bagladylar.

BMG-niň ýörite wekili Lahdar Brahimi bilen anna güni Ženewada geçirilen duşuşykda Kerri we Lawrow özleriniň şu aýyň aýagynda Nýu Ýorkda duşuşyp uzak wagtlap yza tesdirilen konferensiýanyň geçiriljek wagtyny maslahat etmek niýetini mälim etdiler.

Anna güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Siriýanyň himiki ýaraglar boýunça halkara konwensiýasyna goşulmak boýunça kararynyň bu ýurduň hökümetiniň konflikti çözmek meselesine çynlakaý çemeleşýändigini görkezýär, diýip belledi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama geçen aýda Damaskyň golaýynda bolan heläkçilikli himiki hüjümlere jogap hökmünde harby zarbalary amala aşyrmak çäresini öňe sürýär. Waşington şol hüjümlerde 1 400 adamyň heläk bolandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG