Sepleriň elýeterliligi

Ruhy hassahanada 37 adam öldi


Derňewçileriň aýtmagyna görä, Orsýetiň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Nowgorod regionynyň ruhy keseller hassahanasynda bolan ýangyn zerarly 37 adam heläk bolupdyr.

Regionyň Derňew komiteti Luka obasynda anna güni daňdan bolan bu ýangynda heläk bolanlaryň onusynyň jesediniň tapylandygyny habar berdi. Resmileriň sözlerine görä, näsaglary halas etmäge synanyşan şepagat uýasy-da ölenleriň arasynda tapylypdyr.

Bu binada 60 golaý adam, şol sanda hereket etmäge ukyply bolmadyk adamlar hem saklanypdy. 20-den gowrak adam halas edilipdir. Ýangynyň yzýany onuň sebäpleri barada habar berilmedi.

Ýangyn bilen baglylykda geleňsizlik boýunça federal derňew işi gozgaldy. Bu waka Orsýetde şu ýylyň başyndan bäri ruhy keseller hassahanasynda bolan ikinji ýangyndyr. Aprel aýynda Moskwanyň daşyndaky keselhanada bolan ýangynda 38 adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG